GFR-de “Türkmenistan – Germaniýa: geljegi uly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri” atly bilelikdäki işewürlik çäresi geçirildi. GFR bilen nobatdaky bilelikdäki çäräniň maksatnamasynda iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekilleriniň resmi duşuşyklarynyň tapgyry, türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň “Neufeld” kompaniýasynyň önümçilik bölümlerine baryp görmegi ýaly çäreler göz öňünde tutuldy.
Gepleşikler we geňeşmeler özara gatnaşyklara täze çemeleşmeleri, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, işewür gatnaşyklary we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň has amatly ugurlaryny kesgitlemäge we ylalaşmaga bagyşlandy. 11-nji iýulda türkmen-german işewürler maslahaty, türkmen önümleriniň sergisi hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Garaşylyşy ýaly, maslahatyň işine GFR-iň döwlet kärhanalarynyň we edaralarynyň wekilleriniň 100-e golaýy, kompýuter tehnologiýalary, nebitgaz we himiýa senagaty, energetika, gurluşyk we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, maşyngurluşygy, oba hojalygy we azyk senagaty, ulag we logistika, kommunikasiýa pudaklary, bank işi, ätiýaçlandyryş, saglygy goraýyş we bilim ýaly ugurlarda işleýän nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşarlar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, biziň ýurdumyzyň Maýn boýundaky Frankfurtdaky konsullygy, şeýle hem “SAP SE” we “CLAAS” kompaniýalary çäräniň jogapkär guramaçylary bolup durýarlar.