Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri ylma we innowasiýalara daýanýan täze özgertmeleriň, halkyň durmuşynyň ösmegine gönükdirilen anyk maksatnamalaryň kemal tapýan döwrüdir. Hormatly Prezidentimiziň asylly başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty ähli ulgamlarda yzygiderli ösüşi üpjün edýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji iýulda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda geçirilen giňişleýin mejlisinde berlen anyk görkezijiler hem şaýatlyk edýär. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň 6 aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy we geljekde öňümizde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Ýurduň durmuş-ykdysadyýetine baha berlende, öňi bilen onuň makroykdysady görkezijileri häsiýetlendirilýär. Geçen döwürde esasy makroykdysady görkeziji hasaplanylýan jemi içerki önümiň ösüş depgininiň durnukly artmagy guwandyryjydyr. Bu günki günde milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, täze innowasion önümçilikleri döretmäge, bilim, ylym, maglumat-kommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmäge, saglygy goraýyş we medeni ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga iri maýa goýum serişdeleri goýberilýär. Ýurdumyzda senagat pudagynyň, oba-senagat toplumynyň, söwda we hyzmatlar ulgamynyň, hususyýetçiligiň, daşary söwda dolanyşygynyň çalt depginler bilen ösmegi, Döwlet býujetiniň üstünlikli berjaý edilmegi türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagynda aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaşaýan ilat üçin goşmaça iş orunlary döredilýär, ipoteka karzynyň hasabyna ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanmaga berilýär. Döwlet býujetiniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ýurduň sazlaşykly ykdysady-durmuş ösüşine şaýatlyk edýär. 1-nji iýula çenli ýagdaýa görä, býujetiň girdeji bölegi 115,9 göterim, çykdajy bölegi bolsa, 91,2 göterim derejede ýerine ýetirilip, onuň 76,6 göterimi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Ýylyň başyndan bäri ilatyň aýlyk hakynyň ortaça, 9 göterim ýokarlanmagy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap aýlyk haklaryny, döwlet kömek pullaryny, pensiýalary, talyp haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak hakynda Permana gol çekmegi ýokarda agzalan ösüşler esasynda bagtyýar raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň ýyl-ýyldan gowulanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Bitaraplyk we “Açyk gapylar” syýasatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, deňhukuklylyk we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary ykdysady syýasatyň alnyp barylmagy ýurdumyza köp möçberde maýa goýum serişdeleriniň çekilmegini üpjün edýär. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, milli ykdysadyýetiň ösüşine gönükdirilen ähli maliýe çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary özleşdirmegiň ösüş depginleriniň ýokarlanmagy geljekki ösüş depginleriniň sazlaşykly üpjün edilýändigini alamatlandyrýar. Maýa goýum serişdeleriniň ep-esli bölegi ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna gönükdirilýär. Täze ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge, esasy gaznalary döwrebaplaşdyrmaga, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan kärhanalary tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmaga goýulýan maýa goýumlar ýokary netijeleri hem berýär. Innowasion kärhanalaryň döredilmegi içki bazaryň şeýle önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak bilen, jemi içerki önümde innowasion önümleriň möçberleriniň artmagyna getirýär. Bu görkeziji bolsa, ýurduň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanýandygynyň subutnamasydyr. 2017-nji ýylyň birinji ýarymynda ykdysadyýetimize goýlan maýa goýumlaryň möçberi artdy. Onuň netijesinde bolsa, ýüzlerçe önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalar gurlup, ulanmaga berildi. Gurluşyk işleri barha ýaýbaňlandyrylyp, häzirki döwürde umumy bahasy 47 milliard amerikan dollaryna golaý bolan iri desgalaryň 1900-e golaýy gurulýar. Olaryň 188-e golaýynyň gurluşygyny öz gurluşykçylarymyz tarapyndan ýerine ýetirilýändigi hususy pudagyň has-da ösýändigini görkezýär. Şu ýylyň birinji ýarymynda gurlup ulanmaga berlen desgalaryň sany 59-a ýetdi. Umumy meýdany 632 müň 500 inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary guruldy.
Ylmy-tehniki seljermeleriň netijeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy, döwrebap senagatlaşmak durmuş-ykdysady ösüşiň wezipeleriniň üstünlikli çözülmegini hem nazarlaýar. Bu ösüşleri üpjün etmekde döwlet maksatnamalarynyň täsiri ýokarydyr. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda öňde duran wezipeleri kesgitläp, mundan beýläk hem ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagy dowam etdirmegi, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýurtda öndürilmegini, eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagy, maýa goýumlarynyň has netijeli ulanylmagyny, telekeçiligi ösdürmegi, elektron senagatyny ösdürmek boýunça kabul edilen Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegini esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Milli Liderimiziň kesgitlän wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi milli ykdysadyýeti has-da ösdürer, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrar.
Oguljan Atdaýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň uly mugallymy.