Makalamyzyň sözbaşysyny ata-babalarymyzyň asyrlaryň synagyndan geçip, durmuşymyza mäkäm ornaşan hem-de halkymyzyň üýtgewsiz durmuş kadasyna öwrülen nakylyndan almagymyzyň özüne ýetesi sebäbi bar. Çünki gysgadan anyk setirde beýan edilen bu nakylyň güýç-gorabasy egsilmezdir. Onda her bir ynsan bu nakyldan ybrat-görelde alsa, baky döwlete eýe bolýandygy çuňňur beýan edilýär.
Häzirki döwürde halkymyz hormatly Prezidentimiziň merdana halkymyza peşgeş beren bolelin, bagtyýar durmuşynda ýaşaýar. Ajaýyp döwrümizde adamlaryň eli islän ýerine ýetýär. Dünýä ülňülerine kybapdaşlykda gurulýan ýaşaýyş jaýlar, aýlyk haklarynyň ýylyň-ýylyna ýokarlanmagy, azyk bolçulygy, mahlasy, ähli amal edilýän işler raýatlarymyzyň durmuşynyň özgermegine gönükdirilýär. Ýöne muňa garamazdan, käte ýurdumyzyň ösüşlerine bökdençlik döredýän nogsanlyklaryň ýüze çykmagy bütin jemgyýetimizi gynandyrýar.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji maýynda geçirilen giňişleýin mejlisinde halal ýaşap, halal gazanç etmek arkaly durmuşy özgertmek, zähmet çekip, baýlyga eýe bolmak, döwlet durmuşynyň dürli ugurlaryna ýaramaz täsirini ýetirýän parahorlugyň we korrupsiýanyň öňüni almak, ata-baba ýazgarylýan bu ýaramaz hereketlere garşy göreşi güýçlendirmek barada düýpli pikirleri öňe sürdi.
Arkadag Prezidentimiz çykyşynda: “Ata-babalarymyz akýürekli we halal zähmet çekip, halal ýaşamak barada bize köp sanly öwüt-ündewleri, nakyllary, pähimleri miras goýupdyrlar. Biz hem, öz nobatymyzda, halallygyň, zähmetsöýerligiň nusgasy bolan pederlerimiziň mynasyp nesilleri bolmalydyrys. Olar “Baýlygyň enesi – ýer, atasy – zähmet”, “Baýlyk malyň köplüginde däl, göwnüň doklugynda” ýaly ajaýyp pähimleri döredipdirler” diýip, halkymyzyň hemişe halal ýoldan ýöremegini nesihat etdi. Eziz Arkadagymyzyň nesihatlary halkymyz üçin hemişelik ýörelgedir. Ol nesihatlardan, öwüt-ündewlerden degerli netije çykarmak biziň her birimiziň ynsanlyk borjumyzdyr.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 7-nji iýulda-şu ýylyň başky alty aýynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde hem parahorlugy, korrupsiýany düýp-teýkary bilen aradan aýyrmak hakynda ýene-de mesele gozgalyp, Döwlet Baştutanymyz ähli ýolbaşçylara ýüzlenip, ýaramaz endiklere garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak işini mähriban halkymyza beren wadasyna laýyklykda, yzygiderli amala aşyrjakdygyny ýene bir gezek belläp geçdi.
Eziz Arkadagymyzyň bu mejlisde aýdan jaýdar sözleriniň düýp özeni ýurdumyzyň sagdyn ösmegine, ykdysadyýetimiziň binýadynyň berkemegine, adamlaryň ýaşaýyş durmuşynyň özgermegine gönükdirilendir. Mähriban Arkadagymyzyň halallyk taglymatlary berjaý edilende, bagtyýar günleriň halkymyza hemişe yrylmaz döwleti eçiljekdigi bellidir. Eziz Arkadagymyzyň halal ýaşaýyş hakda ündeýän her bir sözi ata-babalarymyzyň halallyk ýörelgelerine daýanýar. Bu pikirler milli Liderimiziň döredýän eserlerinde hem yzygiderli ündelýär.
Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet guşy” romany ata-babalarymyzyň geçen merdanalyk ýollarynyň beýanydyr. Romanda Mälikguly aganyň Beýik Watançylyk urşuna gabat gelen çagalygynyň bir ýarym ýylynyň mysalynda onuň beýik ruhy-ahlak dünýäsi, maşgala keşigini merdi-merdanalyk bilen çekişi, ir kämil çykyşy, il-gününe, eziz Watanyna, ene topragyna bolan päk söýgüsi, her günki bitirýän halal, işleri beýan edilýär.
Ata-babalarynyň halal ýoluny durmuş ýörelgesine öwren Mälikguly bütin iliňem bu ýola eýermegini isleýär. Mysal üçin, ol bu hakda “Gideliň biz atalaryň ýolundan” atly goşgusynda şeýle diýýär:
Pelleri depeliň, däne ekeliň,
Şu topraga maňlaý deri dökeliň,
Watanyň öňünde dyza çökeliň,
Gideliň biz atalaryň ýolundan.
Eseriň baş gahrymany Mälikgulynyň ata-babalary halal adamlar. Şonuň üçin ol ata-babalarynyň wesýetlerine eýerip, bu halal ýoly ile-güne ündew edýär. Muny eserde Mälikgulynyň raýkomyň birinji sekretary Ýezden Mürzäýewiň haýyşy boýunça kolhoz ýolbaşçylarydyr oba ilatynyň öňünde kakasynyň “Ak gerek” atly goşgusyny uly ruhubelentlik bilen okan pursatynda-da görmek bolýar. Goşgudaky:
Çynar bolsaň, saýaňy sal iliňe,
Çyn är bolsaň, ýagşylyk ýaz ýoluňa,
Gidäýme melgunyň mekru-alyna,
Kalbyňda şeýtana orun ýok gerek.
– diýen setirler ynsanyň hemişe halallygy ýaran tutunmalydygyny beýan edýär.
Ýagşylyk, halallyk ündewleri mähriban Prezidentimiziň “Älem içre at gezer” romanynyň bütin dowamynda hem ör boýuna galýar. Romanyň beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň “Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar” diýen parasatly setirleri bilen başlanmagy her bir ýagşy işiň – halallygyň adama uly at-abraý getirýändigini görkezýär.
Sözümizi jemläp aýdanymyzda, mähriban Arkadagymyz ýurdumyzyň halal ýol bilen ösüşleriň belentliklerine ýetmegini jany-teni bilen tekrarlaýar. Bu bolsa, raýatlarymyzyň halal zähmet çekmegine, päk zähmeti bilen eziz Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagyna baglydyr.
Ýazy HANGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.