Türkmenistanyň çempiony “Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynyň çäklerinde öz toparçasyndaky (“A”) 4-nji duşuşygyny oýnady. Olar paýtagtymyzdaky “Köpetdag” stadionynda Iordaniýanyň çempiony “Al-Wehdat” toparyny kabul etdi. Eýranly Mohsin Torkynyň jürlewük çalan oýnuna 16500 janköýer tomaşa etmäge gatnaşdy. Duşuşyk diýseň dartgynly we çekeleşikli boldy. Ilkinji minutlarda myhmanlar topy özlerinde saklan hem bolsa, soňlugy bilen ildeşlerimiz oýnuň jylawyny ele almagy başardy. Ýöne amatly pursatlar döreden türkmen futbolçylaryna hasaby açmak başartmady. Myhman toparyň derwezeçisi öz ussatlygyny görkezip, topuň tora girmegine rugsat bermedi. Duşuşygyň 2-nji ýarymynda-da üýtgän zat bolmady. Aýratynam, ilkinji minutlarda ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyryň” oýunçylary howply pursatlar döretdiler. Netijede, oýun 0–0 hasabynda deňme-deň gutardy. Şunlukda, “Altyn asyr” topary bassyr 3-nji oýnuny deňlikde tamamlady. Myhmançylykda “Al-Wehdat” bilen 1–1 deňme-deň oýnan aşgabatlylar bu topar bilen deň utuk toplan ýagdaýynda, 2 oýnuň netijesi boýunça öz meýdançasynda gol geçirtmäni üçin olardan öňe saýlanar. 4 duşuşykda 6 utuk toplan türkmen futbolçylary ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirýär. Häzirki wagtda “Altyn asyr” toparçada 2-nji hatarda barýar. “A” toparçada “Al-Ahed” topary 1-nji orny eýeleýär. Soňky tapgyrda Bahreýniň “Al-Hidd” toparyndan 1–0 hasabynda üstün çykan “Al-Ahediň” 9 utugy bar. Toparçada “Altyn asyr” toparynyň nobatdaky oýny myhmançylykda Liwanyň “Al-Ahed” kluby bilen bolar. Bu duşuşyk 26-njy aprelde oýnalar. Mälim bolşy ýaly, “Altyn asyr” “Al-Ahed” toparyny Aşgabatda 2–0 hasabynda utupdy. Ýurdumyzyň wekiliniň toparçadaky soňky oýny 10-njy maýda Aşgabatda “Al-Hidd” bilen bolar.
AFK-nyň Kubogy ýaryşynda soňky çempion Malaýziýanyň “Johor Darul Ta’zim” topary myhmançylykda Laosyň “Lao Toýota” kluby bilen duşuşdy. Oýunda ildeşimiz, halkara derejeli emin Çarymyrat Gurbanow jürlewük çaldy. 4–1 hasabynda ýeňiş gazanan “Joror Darul Ta’zim” utugyny 12-ä çykardy we indiki tapgyrda çykyş etmäge hukuk gazandy. 4-nji oýunlardan soň, “D” toparçadan Bahreýniň “Al-Muharrak” hem-de “G” toparçadan “Mohun Bagan” klublary nobatdaky tapgyryň petegini almagy başardy.
“ALTYN ASYR”: Mämmet Orazmuhammedow; Zafar Babajanow, Şöhrat Söýünow, Bagtyýar Hojaahmedow, Serdar Annaorazow; Serdar Geldiýew, Ahmet Ataýew (k) (Selim Nurmyradow 39), Amir Gurbani (Yhlas Magtymow 69, Mekan Aşyrow 86), Umidjan Astanow; Myrat Ýagşyýew, Süleýman Muhadow.
“AL-WEHDAT”: Mahmud Ali Kandil; Lobato Helder, Feras Şilbiýa, Muhammed Mustafa; Fadi Awad, Amer Deeb (k) (Mohammed Al-Başa 90+3), Abdullah Deeb (Mahmud Şilbiýa 86) Ahmad Elias Ahmad Ali, Ibrahim Saleh (Mohammed Ahmed Hişam 81), Fadel Hasan Rajaei Aýed; El Hadži Malik Tall.