Onlarça ilhalar filmde surata düşen 60 ýaşyndaky ussat artist Daniel Deý-Lýuis aktýorçylyk karýerasyny soňlandyrandygyny habar berdi. 14 ýaşynda kino sungatyna aralaşan Daniel Deý-Lýuis “Çep aýagym” (My Left Foot, 1989), “Nebit” (There Will Be Blood, 2007) hem-de “Linkoln” (Lincoln, 2012) filmlerinde janlandyran özboluşly keşpleri bilen iň gowy aktýor ugrunda Oskar gazanypdy. Ol iň gowy aktýor ugry boýunça 3 Oskar alan ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk aktýordyr. Angliýaly aktýor özüne arzyly heýkeljigi gazandyran ady agzalan kinolardan başga-da “Gandi” (Gandhi, 1982), “Tomaşaly otag” (A Room with a View, 1985) “Iň soňky mohikan” (The Last of the Mohicans, 1992), “Bigünälik döwri” (The Age of Innocence 1993), “Kakam üçin” (In the Name of the Father, 1993), “Nýu Ýorkuň gangsterleri” (Gangs of New York, 2002), “Jek we Rouzyň aýdymy” (The Ballad of Jack and Rose, 2005) hem-de “Dokuz” (Nine, 2009) ýaly köpüň söýgüsine mynasyp bolan filmlerde-de surata düşdi. 4 sany BAFTA, 2 sany-da “Altyn globus” baýragynyň eýesi Daniel Deý-Lýuis teatrda-da 10-a golaý uly spektaklda dürli keşplerde çykyş etdi. Aktýoryň surata düşen iň soňky filmi şu ýylyň 25-nji dekabrynda prokata çykar. Pol Tomas Andersonyň režissýorlygyndaky “Phantom Thread” atly bu kino 1950-nji ýyllarda Londondaky moda dünýäsi barada gürrüň berýär.