Elekt­rou­lag önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­sy “Tes­la” hä­zi­re çen­li iň ar­zan mo­de­li­niň il­kin­ji ha­ky­ky nus­ga­sy­ny taý­ýar et­di. “Mo­del 3” at­ly ula­gyň nus­ga­lyk gör­nü­şi maý aýyn­da köp­çü­li­ge gör­ke­zi­lip­di. Şon­dan soň­ra bu mo­del­den re­kord de­re­je­de sar­gyt ka­bul edil­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, “Tes­la” öz elekt­ro­kar­la­ry­ny sar­gyt bo­ýun­ça ön­dür­ýär. Onuň müş­de­ri­le­ri ulag al­mak üçin bir­nä­çe aý öňün­den sar­gyt et­me­li bol­ýar­lar. Ula­gyň teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem örän ýo­ka­ry. “Mo­del 3” 100 km/sa­gat tiz­li­ge 5,6 se­kunt­da çyk­ýar. Bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 346 ki­lo­metr ýol geç­ýär. Bu ulag­dan otuz sa­ny­sy 28-nji iýu­la çen­li eýe­le­ri­ne gow­şu­ry­lar. Kom­pa­ni­ýa­nyň mun­dan ozal­ky mo­del­le­ri­niň ba­ha­sy 100 müň dol­lar­dan ýo­ka­ry­dy. Soň­ky mo­del üçin 35 müň dol­lar nyrh ke­sil­di.

Basdeşleri köpelýär

Elekt­ro­kar­la­ra döw­let ta­ra­pyn­dan gol­daw be­ril­me­gi hem-de müş­de­ri­le­riň is­le­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy bu ugur­da­ky bäs­deş­li­gi has hem art­dyr­ýar. “Lucid‘in Air” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sy­nag­dan ge­çir­ýän mo­de­li kuw­wa­ty we di­zaý­ny ba­bat­da haý­ran gal­dyr­ýar. Kuw­wa­ty 1000 at güý­jü­ne ba­ra­bar ulag ba­ry-ýo­gy 2,5 se­kunt­da 100 km/s tiz­li­ge gö­te­ri­lip bil­ýär. Bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 643 ki­lo­met­re çen­li ýol ge­çip bil­ýän “Air” bu ugur­da re­kord gör­ke­zi­ji ha­sap­lan­ýar. Ol go­laý­da ge­çi­ri­len sy­nag sü­rü­şin­de sa­gat­da 350 km/s tiz­li­ge ýet­me­gi ba­şa­ryp­dy. Nus­ga­lyk gör­nü­şi­niň soň­ky sü­rüş­le­rin­de bu gör­ke­zi­ji­ni 378 km/s-a ýe­tir­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň hü­när­men­le­ri ula­gyň tiz­li­gi­ni 402 km/s-a ýe­tir­me­gi mak­sat edin­ýär­ler.