Formula 1 boýunça möwsümiň 9-njy ýaryşy Awstriýanyň Spilberg şäherinde geçirildi. 4 müň 318 metrlik trassada geçirilen bäsleşikde “Mersedes” toparynyň fin sürüjisi Waltteri Bottas ýeňiji boldy. Ol ilkinji hatardan başlan ýaryşynda soňuna çenli ornuny saklamagy başardy. Bottas 71 aýlawy 1 sagat 21 minut 48,523 sekuntda tamamlap, şu möwsümdäki hem-de karýerasyndaky 2-nji ýeňşini baýram etdi. Finlýandiýaly pilot şu möwsümde Russiýa “Gran Prisinde-de” ýeňiş gazanypdy. Soňky aýlawda Bottasy az-owlak aljyradan “Ferrari” toparynyň germaniýaly sürüjisi Sebastian Wettel ýeňijiden 0,658 sekunt yza galyp, 2-nji ýer bilen kanagatlanmaly boldy. 3-nji orny “Red Bulldan” Daniel Rikkiardo eýeledi. Awstraliýaly sürüji bassyr 5 ýaryşdan bäri münbere çykyp gelýär. Mundan öňki Azerbaýjan “Gran Prisiniň” ýeňijisi şu möwsümde 4-nji gezek 3-nji ýeri eýeledi. Geçen möwsümiň çempiony “Mersedesiň” Beýik britaniýaly piloty Lewis Hamilton 4-nji orna mynasyp boldy. “Ferrariniň” fin sürüjisi Kimi Raikkoneniň 5-nji bolan bäsleşiginde “Haas” toparyndan Roman Grožan 6-njy, “Fors Indianyň” pilotlary meksikaly Serhio Peres bilen fransiýaly Esteban Okon 7–8-nji, “Williamsdanam” braziliýaly Felipe Massa bilen kanadaly Lans Stoll 9–10-njy orunlary eýelediler. Bäsleşigi 4 sürüji tamamlap bilmedi.
Geçirilen 9 ýaryşdan soň, 171 utukly Sebastian Wettel liderligini dowam etdirýär. Ondan 20 utugy az Lewis Hamilton 2-nji, 136 utukly Waltteri Bottas 3-nji orunda barýar. 4-nji basgançakdaky Daniel Rikkiardonyň 107 utugy bar.
Möwsümiň 10-njy “Gran Prisi” 16-njy iýulda, ýagny ertir Beýik Britaniýada geçiriler.