Geçen ýyl aradan çykan, merhum, rowaýaty boksçy, amerikaly Muhammed Aliniň adyny göterýän boks bäsleşigi geçiriler. Muhammed Ali kubogy diýlip atlandyrylýan bu ýaryşyň umumy pul gaznasy 50 million dollara deňdir. Dünýä Boks Super Seriýasy (WBSS) şygary bilen geçiriljek ýaryşa 91 kilogram hem-de 76 kilogram agramdaky meşhur boksçular gatnaşar. Geçen hepdäniň ahyrynda Monakoda bu bäsleşigiň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Şol çärede bu ýaryşyň jemi 14 tapgyrdan ybarat boljakdygy we 9-njy sentýabrda ABŞ-da başlanyp, 2018-nji ýylyň maý aýynda-da Ýewropada tamamlanjakdygy habar berildi. 7 ýaryş Amerikada geçirilse, beýleki 7-si Ýewropada guralar. Çärýekdir ýarym we final tutluşyklarynda ýeňiş gazananlara Muhammed Ali kubogy gowşurylar. Şeýle hem 50 million dollarlyk pul baýragynyň 30 milliony 91 kilogram agramda çykyş etjek türgenleriň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerine, 20 milliony-da super orta agramdaky (76 kg) ýaryşyň ýeňijilerine paýlanar. Eýýämden 91 kilogram agramdakylaryň arasyndaky bäsleşige Murat Gassiýew, Dmitriý Kudrýaşow (ikisem Russiýa), Mairis Briedis (Latwiýa), Ýunier Dortikos (Kuba), Aleksandr Usyk (Ukraina), Kristof Wýodarçik (Polşa) hem-de Marko Huk (Germaniýa) ýaly boksçularyň gatnaşjakdygy bellenilýär. Orta super agramda-da häzirlikçe mälim edilen türgenlerden angliýaly Kallum Smit, Jeými Koks, Kris Ýubenk (kiçisi), türkiýeli Awni Ýyldyrym, şwesiýaly Erik Skogland, germaniýaly Ýurgen Bramer, ermenistanly Artur Abraham dagy çykyş eder.