Ildeşimiz Ruslan Mingazowyň çykyş edýän topary, Çehiýanyň soňky çempiony “Slawiýa Praga” düzümini güýçlendirýär. Çempionlar ligasyna 3-nji saýlama tapgyryndan goşuljak klub hataryna 3 sany ýarymgoragçy goşdy. Pragalylar “Zenitden” 33 ýaşly portugal oýunçysy Dannini, “Augsburgdan” 34 ýaşyndaky türkiýeli oýunçy Halil Altyntopy, şeýle hem aşaky liga düşen “Dneprden” 35 ýaşly tejribeli Ruslan Rotany transfer etdi. 3 oýunçy-da “Slawiýa” tölegsiz gelip, olar täze klublary bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdylar.