14-nji ap­rel­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň Içeri işler ministrliginiň Spor­tu­lag mer­ke­zi­niň top­lu­my­na gir­ýän tä­ze sport des­ga­sy­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy. Bu ýer­de mo­tos­port bi­len meş­gul­lan­mak we spor­tuň bu gör­nü­şi bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry ge­çir­mek üçin mo­tou­lag bö­lü­mi gu­rul­dy hem-de en­jam­laş­dy­ryl­dy. Bu wa­ka ýur­du­myz­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­ni, şol san­da teh­ni­ki gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­mä­ge be­ril­ýän äh­mi­ýe­tiň ulu­dy­gy­ny tas­syk­la­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir Türk­me­nis­tan­da “Sag­dyn­lyk we bag­ty­ýar­lyk” di­ýen şy­gar as­tyn­da ge­çi­ril­ýän köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sport we sag­dyn dur­muş-me­de­ni çä­re­le­ri do­wam ed­ýär, bu adam­la­ryň müň­ler­çe­si­ni – dür­li ýaşdaky ne­sil­le­riň we hü­när­le­riň we­kil­le­ri­ni bir­leş­di­rip, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ber­ka­rar bol­ma­gy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow ýur­du­myz­da äh­li ze­rur bo­lan ta­lap­la­ra la­ýyk gel­ýän döw­re­bap sport dü­zü­mi­niň dö­re­dil­me­gi­ne uly üns ber­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň IIM-niň Spor­tu­lag mer­ke­zi­niň tä­ze sport top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­ma­gy mu­nuň şeý­le­di­gi­ni tas­syk­la­ýar, bu wa­ka­nyň “Sag­dyn­lyk we bag­ty­ýar­lyk” bi­raý­ly­gy­na ga­bat gel­me­gi­niň bol­sa, öz­bo­luş­ly ma­ny­sy bar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri, şol san­da teh­ni­ki gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­la­nyp, us­sat­ly­gy­ny yzy­gi­der­li kä­mil­leş­dir­ýär, bu bol­sa, ýur­du­my­zyň tür­gen­le­ri üçin kuw­wat­ly ruh­lan­dy­ry­jy iter­gi bo­lup dur­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ge­çen ýy­lyň aw­gus­tyn­da “Al­fa-Ro­meo – 2015” ku­bo­gy ug­run­da aw­to­mo­bil ýa­ry­şy­na gat­naş­ma­gy mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr, şon­da mil­li Li­de­ri­miz ýa­ryş ula­gy­ny do­lan­dyr­ma­gyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni gör­ke­zip, pel­le­ha­na bi­rin­ji bo­lup gel­di.
Şu ýyl “Sag­dyn­lyk we bag­ty­ýar­lyk” bi­raý­ly­gy­nyň çäk­le­rin­de ýur­du­myz­da Der­we­ze – Gök­de­pe ug­ry bo­ýun­ça aw­to­mo­bil ýa­ry­şy hem ge­çi­ri­ler. Bu­la­ryň hem­me­si ýur­du­myz­da spor­tuň teh­ni­ki gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry­ny ge­çir­mek üçin örän oňat şert­le­ri dö­red­ýär.
Ir bi­len hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tä­ze sport des­ga­sy­na gel­di. Bu ýer­de mil­li Li­de­ri­mi­zi Döw­let howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry, ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry mä­hir­li gar­şy­la­dy­lar. Içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­kow Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­ri­niň Be­lent Ser­ker­de­ba­şy­sy, go­şun ge­ne­ra­ly Gurbanguly Berdimuhamedowa tä­ze des­ga­nyň açyl­ma­gy­na taý­ýar­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu ýe­re ýyg­na­nan­lar bi­len sa­lam­la­şyp, IIM-niň aw­tos­port mer­ke­zi­niň tä­ze sport top­lu­my bi­len tan­şyp baş­la­ýar. Umu­my meý­da­ny 15 gek­tar bo­lan tä­ze top­lum mo­toýa­ryş­lar üçin uzyn­ly­gy 1 709 metr bo­lan çä­ge – top­rak ör­tük­li ýa­ryş meý­dan­ça­sy­ny, sport teh­ni­ka­la­ry üçin ga­raž­la­ry, hyz­mat ediş-be­je­riş bö­lü­mi­ni, luk­man­çy­lyk bö­lü­mi ýer­le­şen do­lan­dy­ryş bi­na­sy­ny, de­giş­li in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki dü­zü­mi­ni özün­de jem­le­ýär.
Mil­li Li­de­ri­miz mo­tou­lag bö­lü­mi bi­len ta­nyş­ma­gy­nyň bar­şyn­da onuň do­lan­dy­ryş bi­na­sy­na bar­dy, dür­li iş otag­la­ry­nyň üp­jün­çi­li­gi­ni, şeý­le hem bu ýer­de gu­ra­lan sport egin-baş­la­ry­nyň ser­gi­si­ni göz­den ge­çir­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bi­na­dan çy­kyp, bu ýer­de gu­ra­lan ser­gi­ni syn­la­dy, on­da mo­tos­port üçin teh­ni­ka­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri, şol san­da mo­to­sikl­ler, sku­ter­ler, dür­li ýaş­da­ky tür­gen­ler, şol san­da ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen kwad­ro­sikl­ler gör­ke­zil­di.
Aw­to­mo­bil spor­ty ýa­ly mo­tos­port hem gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­le­riň we jan­kö­ýer­le­riň örän köp­san­ly­sy­ny özü­ne çe­kip, spor­tuň dün­ýä­de iň giň­den ýaý­ran gör­nüş­le­ri­niň bi­ri­dir. Onuň nus­ga­wy gör­nüş­le­ri­niň to­pa­ry­na trek hem-de şos­se-aý­law ýa­ryş­la­ry, mo­tok­ros­lar, mo­tot­ri­al, spid­weý we beý­le­ki­ler de­giş­li­dir. Şeý­le ýa­ryş­la­ra gat­naş­mak üçin de­giş­li ukyp­la­ra hem-de ula­gy do­lan­dyr­ma­gyň til­sim­le­ri­ne eýe bo­lup, ola­ry ele al­ma­ly­dyr, diý­mek, yzy­gi­der­li tür­gen­le­şik­ler ze­rur bo­lup dur­ýar.
Soň­ky wagt­da en­çe­me ýurt­lar­da-da kwad­ro­sikl­ler­de ýa­ryş­lar meş­hur­ly­ga eýe bol­ýar. Mo­tos­por­tuň şeý­le köp gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýa­ryş­lar us­sat tür­gen­le­riň ara­syn­da bol­şy ýa­ly, boş wag­ty­ny iş­jeň ge­çir­me­gi ha­la­ýan­la­ryň ara­syn­da hem ge­çi­ril­ýär. Kwad­ro­sikl ra­hat, dur­nuk­ly hem-de has ýo­ka­ry tiz­lik­le­re çen­li çyk­ma­ga ukyp­ly bo­lan dört te­ker­li dür­li til­sim­le­ri ge­çi­rip bil­ýän ulag­dyr.
“Sag­dyn­lyk we bag­ty­ýar­lyk” bi­raý­ly­gy my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­kow ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň äh­li şah­sy dü­zü­mi­niň adyn­dan döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za döw­re­bap sport kwad­ro­sik­li­ni we we­lo­si­ped sow­gat ber­di.
Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň ýol­baş­çy­la­ry bi­len bi­le­lik­de, top­lu­myň çä­gin­de ti­gir­li ge­ze­lenç et­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz tä­ze sport des­ga­sy bi­len ta­nyş­ma­gy­nyň bar­şyn­da ýö­ri­te sport ly­ba­sy­ny geý­ip, sport kwad­ra­sik­li­ne mün­di hem-de ýa­ryş meý­dan­ça­sy­ny hut özi sy­nap gör­di. Meý­dan­ça geç­me­si çyl­şy­rym­ly ýer­ler­den çe­ki­lip­dir.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýö­ri­te gur­lan päs­gel­çi­lik­le­ri bo­lan ýo­ly geç­mek bi­len, ýo­ka­ry tiz­lik­de sport ula­gy­ny do­lan­dyr­ma­gyň aja­ýyp us­sat­ly­gy­ny gör­kez­di. Ýa­ryş ýo­lu­nyň ug­ry el bi­len dö­re­di­len te­bi­gy ýer­ler­den geç­me­gi onuň özü­ne çe­ki­ji­li­gi­ni art­dyr­ýar hem-de ada­myň duý­gu­sy­na örän oňaý­ly tä­sir ed­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz kwad­ro­sik­li ba­şar­nyk­ly do­lan­dy­ryp, spor­tuň bu gör­nü­şi üçin mah­sus bo­lan ýo­luň ug­run­da­ky päs­gel­çi­lik­le­ri us­sat­lar­ça geç­me­gi ba­şar­dy we şun­da tür­gen­le­re aý­dyň my­sal gör­kez­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ýö­ri­te bel­le­ni­len ýe­re bar­dy, bu ýer­de ozal­ky dö­wür­de ula­ny­lan ulag­la­ryň, ara­ba­la­ryň, paý­tun­la­ryň ser­gi­si gu­ral­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ser­gi­ni syn­lap, geç­miş­de meş­hur bo­lan ulag­la­ryň üs­tü­ni ýe­tir­mek, ola­ry de­giş­li ýag­daý­da sak­la­mak bo­ýun­ça iş­le­ri do­wam et­me­gi tab­şyr­dy. Şu ýer­de ýur­du­my­zyň içe­ri iş­ler mi­nist­ri gör­ke­zi­len ulag­la­ry şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­lar­da ulan­mak ba­ra­da­ky tek­li­bi­ni be­ýan et­di.
Şeý­le hem mil­li Li­de­ri­miz bu ýer­de goý­lan we­lo­si­ped­le­ri syn­lap, ula­gyň eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa gör­nü­şi bo­lup dur­ýan ti­gir­le­ri köp­çü­lik­le­ýin we iş­jeň ulan­ma­gyň äh­mi­ýe­ti­ne ün­si çek­di.
Ýur­du­my­zyň içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­kow çuň­ňur hor­ma­tyň hem-de öz­le­ri ba­ra­da edil­ýän ala­da üçin ho­şal­ly­gyň ny­şa­ny hök­mün­de mil­li Li­de­ri­mi­ze ýur­du­my­zyň har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ry­nyň şah­sy dü­zü­mi­niň adyn­dan sku­ter sow­gat ber­di.
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sku­ter­de Sport ulag­la­ry mer­ke­zi­niň aw­tod­ro­my­na bar­dy, bu ýer açy­lan wag­tyn­dan bä­ri spor­tuň şu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­mak is­le­ýän ýaş­la­ryň hö­wes bi­len gat­na­ýan ýe­ri­ne öw­rül­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu ýer­de goý­lan sport ulag­la­ry­ny syn­la­dy, ola­ryň teh­ni­ki aý­ra­tyn­lyk­la­ry bi­len gy­zyk­lan­dy.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz BMW ky­sym­ly tä­ze sport ula­gy­nyň ba­şy­na geç­di, ýo­ka­ry tiz­lik­de dür­li çyl­şy­rym­ly he­re­ket­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň höt­de­sin­den ge­lip, bu sport ula­gy­ny do­lan­dyr­ma­gyň hem aja­ýyp us­sat­ly­gy­ny gör­kez­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Aw­tos­port mer­ke­zi­niň ýa­ryş ýo­lun­da sport ula­gyn­da bir­nä­çe aý­law et­di. Soň­ra mil­li Li­de­ri­miz bu ýe­re ýyg­na­nan­lar bi­len söh­bet­deş­li­gi­ni do­wam edip, ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri ga­zan­mak üçin ze­rur bo­lan ukyp­lar, ýa­ryş aw­tou­la­gy­ny do­lan­dyr­ma­gyň syr­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ýur­du­myz­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri­ni, şol san­da aw­to we mo­tospor­ty has-da ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sa­da gö­nük­di­ri­len çä­re­le­ri gör­me­giň, olar bi­len har­by gul­luk­çy­la­ryň hem-de hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň iş­gär­le­ri­niň meş­gul­lan­ma­ga giň­den çe­kil­me­gi­niň, ýa­ryş­la­ry yzy­gi­der­li ge­çir­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­tap, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bu ba­bat­da anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bel­leý­şi ýa­ly, aw­to we mo­to sport ada­ma tu­tan­ýer­li­li­gi­ni art­dyr­mak üçin aja­ýyp müm­kin­çi­lik ber­ýär. Üs­tü­ňe düş­ýän ag­ram­la­ryň be­de­ne dog­ry tä­sir et­me­gi­ni iş­läp uý­gun­laş­dyr­ma­ga ýar­dam be­rip, spor­tuň bu gör­nüş­le­ri sag­ly­gyň umu­my ýag­da­ýy­na oňyn tä­sir ed­ýär. Bir­nä­çe gör­nüş­le­ri özün­de jem­le­ýän aw­to we mo­to sport dür­li ýaş­da­ky adam­la­ry özü­ne çek­ýär hem-de ola­ra oňat be­den gur­lu­şy­ny sak­la­ma­ga kö­mek ed­ýär. Tür­gen­ler tej­ri­be top­la­ýyş­la­ry­na gö­rä, öz güýç­le­ri­ni aw­to­mo­bil we mo­to­sik­let spor­tu­nyň ol ýa-da beý­le­ki gör­nüş­le­rin­de bar­lap bi­ler­ler.
Şu ýer­de içe­ri iş­ler mi­nist­ri I.Mu­li­kow aw­to­mo­bil we mo­to­sikl teh­ni­ka­la­ry­ny ýo­ka­ry us­sat­lyk bi­len do­lan­dyr­ma­gyň aja­ýyp nus­ga­sy­ny gör­ke­zen hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowa türk­men spor­tu­ny dün­ýä­de öň­dä­ki orun­la­ra çy­kar­mak bo­ýun­ça bi­tiren aý­ra­tyn hyz­mat­la­ry üçin Türk­me­nis­ta­nyň IIM-niň, ýur­du­my­zyň Aw­to­mo­bil spor­ty fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň hem-de Sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ýo­ka­ry us­sat­lyk de­re­je­si­niň dip­lo­my­ny gow­şur­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mu­nuň üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­di­rip, bu ýe­re ýyg­na­nan­lar bi­len mä­hir­li hoş­laş­dy we hem­me­le­re berk jan sag­lyk, iş­de hem-de sport ul­ga­myn­da üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, bu ýer­den ug­ra­dy.
(TDH-niň habarlary esasynda taýýarlandy).