15-nji iýulda täze binalaryň açylyşy mynasybetli guralýan dabaralar paýtagtymyzyň günbatar künjeginde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde dowam etdi. Bu ýerde 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň birbada 68-si gurlup, ulanmaga berildi. Bu ýerde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň “Birleşme-Gurluşyk” jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasynyň buýurmasy esasynda ýerli hususy gurluşyk kärhanalary we hojalyk jemgyýetleri tarapyndan 4 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 60-sy bina edildi.
Şeýle hem Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň buýurmasy esasynda 4 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si gurlup, ulanmaga berildi.
Bu künjekde gurlup ulanmaga berlen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 68-sinde jemi 2 müň 540 öý ýerleşdirildi. Bu jaýlarda iki otagly öýleriň jemi 736-sy, üç otagly öýleriň 1168-si, dört otagly öýleriň bolsa, jemi 636-sy ýerleşdirilip, olarda döwrebap ýaşaýyş we ýokary derejeli dynç alyş üçin ähli amatly şertler döredildi.
Şeýle hem şol gün ýurdumyzyň baş şäherinde ykdysady we durmuş maksatly binalaryň, çagalar baglarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, täze ýollaryň açylyş dabaralary boldy. Paýtagtymyzyň Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynda her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň birbada 5-siniň açylyş dabarasy boldy.
Şonuň ýaly hem şol gün paýtagtymyzyň Oguz han we Ankara köçeleriniň çatrygynda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň edara binasynyň açylyş dabarasy ýaýbaňlandyryldy. 10 gatly binanyň umumy eýeleýän meýdany 4430 inedördül metr bolup, onuň 5-10-njy gatlarynda işewürlik merkezi ýerleşdirildi. Binanyň birinji gatynda müşderilere ilkinji hyzmatlary ýola goýýan bölümler bolup, bu ýerde köp sanly monitorlar oturdyldy. Olarda dünýä ýurtlarynda erkin hereket edýän pullaryň nyrhlary, milli manadymyzyň hümmeti, mundan başga-da, olarda birža söwdalaryna degişli maglumatlar On-laýn tertibinde görkezilýär. Munuň özi müşderileriň degişli maglumatlary alyp bilmegini üpjün edýär.
Mundan başga-da, bu ýerde söwda merkezi we 8 gatly 84 öýli döwrebap ýaşaýyş jaýy gurlup, ulanmaga berildi. Binanyň birinji gatynda ýerleşen söwda dükanynda gündelik durmuşda ulanylýan ähli harytlar bilen bir hatarda mebelleriň köp görnüşi ilata hödürlenýär.