20-nji iýulda Mary welaýatynyň merkezinde täze ýöriteleşdirilen hassahananyň – Iç keselleri hassahanasynyň açylyş dabarasy boldy. Ol Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda welaýatyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy. Täze desganyň açylyş dabarasynda hakyky baýramçylyk ýagdaýy emele geldi, oňa şäher we welaýat häkimlikleriniň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.
Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, täze hassahana Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň möçberli özgertmeleriniň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Maryda açylan hassahana näsaglara ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek, keselleri öz wagtynda ýüze çykarmak, dürli iç keselleriniň öňüni almak we bejermek üçin ähli mümkinçiliklere eýedir.
Öňdebaryjy enjamlar hem-de iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen hassahana dört gatly binadan ybarat. Hassahana toplumy ilata stasionar şertlerde hyzmat etmäge gönükdirilendir hem-de jemi 205 orunlyk hirurgiýa, umumy terapiýa, kardiologiýa, endokrinologiýa, newrologiýa bölümlerini birleşdirýär.
Hassahananyň birinji gatynda reanimasiýa merkezi ýerleşýär. Binanyň ikinji we üçünji gatlary dikeldiş terapiýasyny geçirmek üçin niýetlenendir. Hassahananyň dördünji gatynda ýokary takyklykdaky endoskopiýa enjamlary, şol sanda bütin dünýäde meşhur “Karl Storz” nemes kompaniýasynyň enjamlary bilen üpjün edilen üç sany operasiýa otagly iki hirurgiýa bölümi ýerleşýär.