“Cedigaz” halkara gaz assosiasiýasynyň soňky beýanatyna görä, 2035-nji ýyla çenli tutuş dünýäde tebigy gazdan peýdalanmagyň ösüş depgini ortaça, 1,6 göterim derejesinde saklanyp galar. Ýangyjyň bu görnüşiniň ösüş depgini beýleki energiýa serişdelerine bolan islegiň ösüş depgininden ýokary bolar. Şeýlelikde, tebigy gaz ýakyn geljekde iň köp isleg bildirilýän ýangyç serişdeleriniň biri bolmagynda galar. Tebigy we suwuklandyrylan gaz has köp peýdalanylýan ýangyç görnüşi bolup, bu ugurda Hytaý bilen Ýakyn Gündogar ýurtlary has köp isleg bildirerler.
Soňky ýyllarda suwuklandyrylan gazyň önümçilik kuwwaty artdyrylýar. Mundan başga-da, tebigy gaz önümçiliginde-de ösüş depgini ýokarlanýar. Ýangyjyň bu görnüşiniň energiýa deňagramlylygyndaky paýy yzygiderli ýokarlanýar we ol nebitden hem-de kömürden öňe saýlanýar.
Energiýa pudagynda tebigy gaz ýaly, ekologiýa taýdan arassa ýangyçdan peýdalanýan ýurtlaryň sany yzygiderli artar. Kömürden tebigy gaza geçmek belli bir derejede howanyň hapalanmagynyň hem öňüni almaga mümkinçilik berer.
Soňky ýyllarda suwuklandyrylan gazyň dünýä möçberindäki satuwy barha ýokarlanýar. Bu ugurdaky söwda 2015-nji ýylda 44 göterim köpelen bolsa, 2035-nji ýyla çenli ösüş depgini 55 göterime deň bolar. 2035-nji ýyla çenli tebigy gazyň suwuklandyrylan görnüşiniň söwdasy her ýyl 3,7 göterim köpelip, 669 milliard kubometre barabar bolar. Aziýa ýurtlary 2035-nji ýyla çenli öndürilen suwuklandyrylan gazyň 70 göteriminiň alyjysy bolar.
Halkara Energetika Agentliginiň maglumatyna görä, 2022-nji ýyla çenli suwuklandyrylan gaz öndürýän zawodlaryň önümçilik kuwwaty 650 milliard kubometre deň bolar. 2016-njy ýylda bu görkeziji 452 milliard kubometre barabardy. Bu ugurda öňdeligi Awstraliýa eýelär. Ol 117,8 milliard kubometr möçberinde suwuklandyrylan gazy eksport etmek mümkinçiligine eýedir. Hasabat döwrüne çenli ABŞ-nyň önümçilik kuwwaty 106,7 milliard kubometre, Kataryňky bolsa, 04,9 milliard kubometre ýeter.
Agentligiň çaklamalaryna görä, 2022-nji ýylda suwuklandyrylan gaza isleg 460 milliard kubometre barabar bolup, bu islegi kanagatlandyrmak üçin degişli önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak işleri alnyp barlar.
Halkara Energetika Agentligi 2022-nji ýyla çenli Russiýa Federasiýasynyň tebigy gaz önümçiliginiň 645 milliard kubometrden 685 milliard kubometre çenli ýokarlanjakdygyny mälim etdi. Russiýanyň Energetika ministrligi 2017-nji ýylda 640,5 milliard kubometr tebigy gazy öndürmegi meýilleşdirýär. 2016-njy ýylda bu görkeziji 640,2 milliard kubometre deň bolupdy. Önümçiligiň ösüş depgini 300 million kubometre barabar bolar.