Norwegiýanyň “Statoil” kompaniýasy özüniň hyzmatdaşlary “Eni” hem-de “Petoro” şereketleri bilen bilelikde Barens deňzinde täze tebigy gaz ýatagynyň üstünden bardy. Ondan 2-3 milliard kubometr möçberinde tebigy gaz öndürmek maksat edinilýär. Bu barada kompaniýanyň metbugat beýanatynda bellenip geçilýär.
Kompaniýa şu ýylyň dowamynda Barens deňzinde ikinji uglewodorod ýatagyny açar. 2017-nji ýylyň 3-nji iýulynda-da “Kayak” guýusyndan nebit tapylypdy.
“Statoil” kompaniýasy 30 ýyldan bäri uglewodorod serişdeleriniň gözlegini amala aşyrýar. Onuň esasy maýadary Norwegiýa döwletidir.