Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi bir gün­de im­port ed­ýän te­bi­gy ga­zy hem-de ne­bi­ti üçin 1 mil­liard ýew­ro­dan gow­rak çyk­da­jy ed­ýär. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň Baş­ly­gy­nyň ener­ge­ti­ka me­se­le­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sa­ry Ma­roş Şef­ço­wiç Lis­sa­bon­da ge­çi­ri­len mas­la­hat­da eden çy­ky­şyn­da bel­läp geç­di.
– Biz bir gün­de im­port ed­ýän ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­miz üçin 1 mil­liard ýew­ro­dan gow­rak tö­leg ed­ýä­ris – di­ýip, Ma­roş Şef­ço­wiç bel­läp geç­di. Ýew­ro­pa Ko­mis­si­ýa­sy­nyň mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň dü­zü­mi­ne gir­ýän ýurt­la­ryň ag­la­ba­sy ýan­gy­jyň äh­li gör­nüş­le­ri­ni im­port ed­ýär­ler. 1995-nji ýyl­da im­por­tuň möç­be­ri 43 gö­te­ri­me deň bo­lan bol­sa, ol 2014-nji ýyl­da 53,5 gö­te­ri­me çen­li ýo­kar­lan­dy. Hä­zir­ki wagt­da ne­bit we ne­bit önüm­le­ri­ne bo­lan ga­raş­ly­lyk 88 gö­te­rim, te­bi­gy ga­za bo­lan mä­täç­lik 67 gö­te­rim tö­we­re­gi bo­lup, her iki gör­ke­zi­ji hem yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­ýar.
Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­ne ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni ýer­le­ýän esa­sy ýurt Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­dyr. Te­bi­gy ga­zyň hem-de ne­bi­tiň im­por­tu­nyň üç­den bir bö­le­gi Rus­si­ýa­nyň pa­ýy­na düş­ýär.