Iňlis ýazyjysy Jeýn Ostin 10 funtuň täze ýüzi boldy. Täze pul banknoty Beýik Britaniýada resmi ýagdaýda tanyşdyryldy. Häzirki wagta çenli onuň 1 milliardy çap edildi we ol şu ýylyň sentýabr aýyndan başlap, dolanyşyga giriziler. Pul banknoty polimer materialyndan ýasaldy we 5 ýyl ulanmak mümkinçiligi bar. Ony häzirki kagyz pullardan 2 esse köp ulanmak bolar.
Tanyşdyrylyş dabarasy Uinçester ybadathanasynda geçirildi we şol ýerde dünýä belli “Buýsanç we öňden dörän ters pikir” romanynyň awtory jaýlanypdy.
– 10 funt Jeýn Ostin üçin aýratyn ähmiýete eýedi. Bu möçber kakasyndan ýazyja bir ýyl eklenç üçin berlen puluň ýarysydyr. Şeýle hem ol ilkinji eserinden şol möçberde pul alypdy – diýip, Angliýanyň bankynyň başlygy Mark Karni gürrüň berdi.
Jeýn Ostin şa zenany Ýelizaweta II-den soňra kagyz pulunda suraty ýerleşdirilen ýeke-täk zenan boldy. Tanyşdyrylyş dabarasynyň 18-nji iýulda geçirilmeginiň hem özboluşly sebäbi bar. 200 ýyl mundan ozal, şol gün 41 ýaşynda britan ýazyjysy Jeýn Ostin aradan çykypdy. Häzirki wagtda Jeýn Ostin iňlis edebiýatynyň “baş hanymy” hem-de “enesi” diýlip atlandyrylýar.