Hindi kino sungatynyň Oskary hasaplanýan IIFA (Halkara Hindistan film akademiýasynyň) baýraklarynyň bu ýylky ýeňijileri belli boldy. Hindistan film akademiýasy tarapyndan berilýän baýraklaryň 18-njisi ABŞ-nyň Nýu Jersi ştatynda geçirildi. Karan Johar bilen Saif Ali Hanyň alyp baran dabarasynda ýylyň iň gowy filmi diýlip “Nirja” (Neerja) kinosy saýlandy. Sonam Kapuryň baş keşpde surata düşen filmini Ram Madhwani ekranlaşdyrdy. Iň gowy režissýor baýragy “Gülgüne” (Pink) filmi üçin Aniruddha Roý Çowdhura berildi. Iň gowy aktýor hem-de aktrisa baýraklaryna “Uçýan Penjab” (Udta Punjab) filminiň ýyldyzlary degişlilikde, Şahid Kapur bilen Alia Bhatt laýyk görüldi. Anuşka Şarma, Sonam Kapur we Taapsee Pannu dagyny yzda galdyran Alia Bhattyň “Hormatly Zindagi” filmi bilenem garaz, 2 keşp bilen iň gowy aktrisa ugrunda dalaşgär görkezilendigini ýatladalyň. Şahid Kapur Amitabh Baççan, Şahruh Han, Ranbir Kapur, Salman Han hem-de Suşant Singh Rajput dagynyň arasyndan saýlanyp, bu hormata mynasyp boldy. Ikinji plandaky iň gowy aktýor we aktrisa diýlen ugurlarda-da Bolliwudyň tanymal weteran aktýory Anupam Kher (M.S. Dhoni: The Untold Story) hem-de aktrisa Şabana Azmi (“Nirja”) saýlandy. Aýşwarýa Rai Baççanyň, Ranbir Kapuryň we Anuşka Şarmanyň baş keşplerde çykyş eden “Çylşyrymly söýgi” (Ae Dil Hai Mushkil) kinosy aýdym-saza degişli baýraklarda tapawutlandy. Romantik görnüşli kino iň gowy kompozitorlyk işi, iň gowy aýdymyň sözleri, iň gowy erkek pleýbek hem-de iň gowy saz baýraklaryna mynasyp boldy. Tehniki baýraklarda-da “Çylşyrymly söýgi” (Ae Dil Hai Mushkil), “Janköýer” (Fan), “Sultan” (Sultan), “Gülgüne” (Pink) filmleri 2–3 sylaga laýyk görüldi.