Ilkinji gazet 1605-nji ýyl­da Fransiýanyň Germaniýa bilen serhedindäki Stras­burg şä­he­rin­de nemes neşirýatçysy Io­gann Ka­ro­lýus (1575–1634) ta­ra­pyn­dan çap edil­ýär. Ol “Relation aller Fürnemmen und gedenckwürdigen Historien” “Ýatda galýan belli täzelikler” diýlip atlandyrylypdyr. As­lyn­da, mun­dan 1500 ýyl ozal Rim imperatory Ýuliý Se­zar da­şa ýa-da me­ta­lyň ýü­zü­ne haşamlanan ýazgylary Rim­iň ilaty üçin çap et­di­rip­dir. 800 ýyl çe­me­si wagt ge­çen­den soňra, 713-nji ýyl­da Hy­taý­da Tang hö­küm­dar­ly­gy ta­ra­pyn­dan ýü­pek ma­ta­nyň ýü­zü­ne el bi­len ýa­zy­lan ha­bar ýazgylary çap edil­ýär. 1656-njy ýyl­da Gol­lan­di­ýa­da “Haar­lem Dagb­lad” diýen ga­zet gün­de­lik çap edil­ip ugraýar. Şol birwagt­da bu ga­zet hä­zir­ki wag­ta çen­li çap edil­ýän “iň ir­ki ga­zet” ady­na eýe­dir. ABŞ-da il­kin­ji ga­zet 1690-njy ýyl­da çykarylyp baş­lan­ýar. 1609-njy ýyl­da çap edi­len “Re­la­ti­on” ga­ze­ti­niň bir sa­ny biziň döw­rü­mi­ze çen­li sak­la­nyp ga­lan iň kö­ne neşirle­riň bi­ri­dir. Ol Hei­del­berg uni­wer­si­te­tin­de saklanýar.
Hä­zir­ki dö­wür­de in­ter­net ul­ga­myn­da­ky ha­bar­lar nä­çe üns çek­se-de, ýe­ne-de dün­ýä­de bir mil­liard­dan köp okyjy tä­ze­lik­­dir ha­bar­la­ry ga­zet sa­hy­pa­la­ryn­dan oka­ýar.