Formula 1 boýunça möwsümiň 10-njy ýaryşy Beýik Britaniýada geçirildi. Silwerstoun şäherçesiniň adybir trassasynda geçirilen 52 aýlawlyk bäsleşige ýer eýesi Lewis Hamilton 1-nji hatardan başlady. Ol ýaryşy başlaýşy ýaly tamamlap, 1 sagat 21 minut 27,430 sekuntda pellehanadan geçdi. Silwerstounda bassyr 4-nji, umumylykda 5-nji ýeňşini gazanan Hamilton şu ýyl 4-nji sapar ýeňiji boldy. Soňky aýlawlarda “Ferrari” toparynyň sürüjileriniň tekerleriniň ýarylmagyndan ýerlikli peýdalanan Waltteri Bottas 2-nji ýeri eýeledi. Finlýandiýaly sürüji topardaşy Hamiltondan 14,063 sekunt yza galdy. Başga bir fin piloty, “ferrarili” Kimi Raikkonen ýeňiji Hamiltondan 36,570 sekunt soň pellehanadan geçdi we 3-nji orna mynasyp boldy. “Red Bull” toparynyň sürüjileri – gollandiýaly Maks Werstappen bilen awstraliýaly Daniel Rikkiardo 4–5-nji ýerleri paýlaşdylar. 6-njy orny-da “Renodan” germaniýaly Niko Hulkenberg eýeledi. Soňky aýlawlara çenli 3-nji hatarda barýan, ýöne tekeriniň ýarylmagyndan soň, mejbury pit-stop edip, az-owlak wagt ýitiren Sebastian Wettel 7-njilik bilen kanagatlanmaly boldy. 8–9-nji ýerleri “Fors Indiadan” fransiýaly Esteban Okon bilen meksikaly Serhio Peres eýeledi. “Williamsyň” braziliýaly piloty Felipe Massa Silwerstoundan utuk alan soňky pilot boldy (10-njy orun). Bu ýaryşdan soň, Lewis Hamilton öňdebaryjy Sebastian Wettel bilen utuk aratapawudyny 1-e düşürdi. Wetteliň 177, Hamiltonyň-da 176 utugy bar. Çempionlyk ýaryşyndan daşlaşmak islemeýän Waltteri Bottas welin, 10 ýaryşda 154 utuk toplady. Möwsümiň indiki bäsleşigi 30-njy iýulda Wengriýada geçiriler.