Möw­sü­miň 3-nji “Uly tu­wul­ga­sy” bo­lan “Wimb­le­don” ten­nis ýa­ry­şy ta­mam­lan­dy. 131-nji ge­zek ge­çi­ri­len (Açyk dö­wür­de 50-nji sa­par) ýa­ryş­da er­kek­le­riň ara­syn­da şweý­sa­ri­ýa­ly Ro­jer Fe­de­rer 8-nji, ze­nan­lar­da-da is­pa­ni­ýa­ly Gab­rie­le Mu­gu­ru­za il­kin­ji “Wimb­le­don” çem­pi­on­ly­gy­ny ga­zan­dy. Umu­my pul gaz­na­sy 31,6 mil­li­on funt ster­ling bo­lan ýa­ryş­da ýe­ňi­ji­le­riň her­si­ne aý­ra­tyn­lyk­da 2,2 mi­lli­on funt ster­ling be­ril­di. Er­kek­le­riň ara­syn­da­ky fi­nal­da Ro­jer Fe­de­rer “Uly tu­wul­ga­lar­da” il­kin­ji ýo­la fi­na­la çy­kan hor­wa­ti­ýa­ly Ma­rin Çi­li­çi 3 se­tiň do­wa­myn­da ýeň­li­şe se­ze­war et­di. 1 sa­gat 41 mi­nut­lap do­wam eden du­şu­şy­gyň 1-nji se­ti 6–3, 2-nji se­ti 6–1, 3-nji se­ti-de 6–4 ha­sa­byn­da Fe­de­re­riň peý­da­sy­na ta­mam­lan­dy. Şeý­le­lik­de, şweý­sa­ri­ýa­ly ten­nis­çi 5 ýyl­dan soň ýe­ne-de “Wimb­le­don­da”, on­da-da ýe­ke set­de hem utul­man çem­pi­on­lyk ga­zan­dy. Umu­my­lyk­da 8-nji sa­par “Wimb­le­don­da” çem­pi­on bo­lan Fe­de­rer bu ugur­da Pit Samp­ras we Wil­liams Ren­şow­dan öňe saý­la­nyp, re­kor­dyň ýe­ke-täk eýe­si bol­dy. Fe­de­rer 1968-nji ýyl­da baş­la­nan Açyk dö­wür­den bä­ri “Wimb­le­don­da” çem­pi­on bo­lan iň ýa­şu­ly ten­nis­çi ady­ny eýe­le­di. Ga­ly­ber­se-de, Fe­de­rer kar­ýe­ra­syn­da­ky 19-njy “Uly tu­wul­ga” ku­bo­gy­ny alyp, öz re­kor­dy­ny tä­ze­le­di. Ga­za­ny­lan bu ta­ry­hy ýe­ňiş­den soň, Fe­de­rer met­bu­gat ýyg­na­ny­şy­gyn­da: – Ten­ni­si taş­la­maz­dan öň, “Wimb­le­don­dan” ýe­ne bir ýe­ňiş ga­zan­jak­dy­gy­ma yna­mym he­mi­şe-de bar­dy. Me­niň üçin möw­sü­miň şeý­le şow­ly do­wam ed­ýän­di­gi­ne özü­mem geň gal­ýa­ryn. Möw­süm baş­la­man­ka 2 “Uly tu­wul­ga” ga­zan­ja­gy­my aý­dan bol­sa­ňyz, me­ge­rem, ýyl­gy­ryp ge­çer­dim. In­di­ki ýyl ýeň­şi­mi go­ra­mak üçin ýe­ne-de bu ýe­re do­lan­ma­gy ar­zuw ed­ýä­rin – di­ýip, gür­rüň be­r­di. Fe­de­rer mä­lim edi­len tä­ze sa­naw­da 5-nji orun­dan 3-nji ha­ta­ra beý­gel­di.