Zenanlaryň arasyndaky finalda ispaniýaly Gabriele Muguruza bilen amerikaly Wenus Williams duşuşdy. Duşuşygyň 1-nji seti örän çekeleşikli bolup, ol 55 minutlap dowam etdi. Netijede, ispaniýaly Muguruza 7-5 hasabynda ýeňiş gazandy. 2-nji setde-de juda arkaýyn çykyş eden 23 ýaşly Muguruza tejribeli garşydaşyndan 6–0 hasabynda üstün çykdy. Netijede, 2–0 hasabynda ýeňiş gazanan Muguruza “Wimbledonda” ilkinji gezek, karýerasynda-da 2-nji ýola “Uly tuwulgada” çempion boldy. Bu ýaryşdan öň WTA-nyň sanawynda 14-nji belgide bolan Muguruza 2016-njy ýylda “Rolan Garrosda-da” ýeňiş gazanypdy. WTA-nyň bäsleşiklerindäki 4-nji çempionlyk kubogyny ýokary göteren Muguruza ýaryşdan soň, sanawda 5-nji orna çykdy.
* * *
“Wimbledon” tennis ýaryşynda erkekleriň arasyndaky jübütler bäsleşiginde polşaly Lukaş Kubot bilen braziliýaly Marselo Melo ýeňiş gazandy. Olar finalda awstriýaly Oliwer Maraç bilen horwatiýaly Mate Pawiç ikisini 5 setiň dowamynda 3–2 (5–7, 7–5, 7–6, 3–6, 13–11) hasabynda ýeňmegi başardy. Zenanlaryň arasyndaky jübütler ýaryşynda-da russiýaly Ýelena Wesnina bilen Ýekaterina Makarowa ikisi çempion boldy. Russiýaly tennisçiler finalda Hytaý Taýpeýinden Çen Hao-çin bilen rumyniýaly Monika Nikeleskuny ýeňlişe sezewar etdiler (6–0, 6–0). Garyşyk jübütlerde britaniýaly Jeými Mýurreý bilen şweýsariýaly Martina Hingis finalda finlýandiýaly Henri Kontinen bilen britaniýaly Heder Watsondan üstün çykdy (6–4, 6–4).