Ita­li­ýa­nyň “Mi­lan” kluby trans­fer­den do­ýa­nok. To­par “Ýu­wen­tu­syň” ita­li­ýa­ly ýyl­dyz go­rag­çy­sy Leo­nar­do Bo­nuç­çi­ni hem-de “La­sio­dan” ar­gen­ti­na­ly ýa­rym­go­rag­çy Lu­kas Big­lia­ny ha­ta­ry­na goş­dy. 30 ýaş­ly Bo­nuç­çi bi­len 5 ýyl­lyk, 31 ýaş­ly Big­lia bi­le­nem 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laşyl­dy. “Ros­se­ne­ri­li­ler” Bo­nuç­çi üçin “Ýu­wen­tu­sa” 42, Big­lia üçi­nem “La­sio” 17 mil­li­on ýew­ro be­rer. “Mi­lan” bu­lar­dan öňür­ti-de “Ata­lan­ta­dan” 23 ýaş­ly go­rag­çy And­rea Kon­ti­ni 24 mil­li­on ýew­ro trans­fer et­di. To­par M. Mu­saç­çio, R. Rod­ri­ges, And­re Sil­wa, H. Çal­ha­nog­lu, A. Don­na­rum­ma, F. Kes­sie, F. Bo­ri­ni da­gy­ny – je­mi 11 oýun­çy­ny öz ha­ta­ry­na goş­dy. Ital­ýan klu­by hä­zir­ki wagt­da-da Be­lot­ti­ni ýa-da Oba­me­ýan­gy trans­fer et­me­giň ala­da­syn­da.

***

“Se­rie A-nyň” soň­ky 6 ýy­ly­nyň çem­pio­ny “Ýu­wen­tus” to­pa­ry eze­li bäs­de­şi “Mi­lan­dan” ita­li­ýa­ly go­rag­çy Mat­teo De Şi­lio bi­len 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Tu­rin­li­ler bu trans­fer üçin “Mi­lana” 12 mil­li­on ýew­ro tö­lär. “Mi­la­nyň” ýaş­lar dü­zü­min­de önüp-ösen fut­bol­çy ge­çen möw­süm­de 27 du­şu­şyk­da meý­dan­ça çyk­dy. Şeý­le hem “Ýu­wen­tus” ge­çen möw­sü­mi “Ro­ma­da” kä­ren­de­si­ne oý­nan “Ar­se­na­lyň” pol­şa­ly der­we­ze­çi­si Woý­jek Şens­ny­ny trans­fer et­di. “Go­ja Sin­ýo­ra” 27 ýaş­ly der­we­ze­çi bi­len 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. Bu trans­fe­riň ba­ha­sy 12,2 mil­li­on ýew­ro diý­lip kes­git­le­nil­di.
***
Çem­pi­on­lar li­ga­sy­nyň we “La Li­ga­nyň” çem­pio­ny “Re­al Mad­rid” to­pa­ry “Be­tis­den” 20 ýaş­ly ýa­ryym­go­rag­çy Da­ni Se­bal­lo­sy trans­fer et­di. Bu trans­fer üçin 16,5 mil­li­on ýew­ro çyk­da­jy eden mad­rid­li­ler is­pa­ni­ýa­ly oýun­çy bi­len 6 ýy­la ni­ýet­le­nen şert­na­ma gol çe­kiş­di. Hä­zir­lik­çe ýyl­dyz oýun­çy trans­fer et­me­dik “Re­al Mad­rid” şä­he­riň beý­le­ki klu­by “At­le­ti­ko­nyň-da” fran­si­ýa­ly çep gy­ra­ky go­rag­çy­sy, 19 ýaş­ly Teo Her­nan­de­si hem 6 ýyl­lyk şert­na­ma bi­len ha­ta­ry­na goş­dy.
***
Ge­çen möw­sü­miň ba­şyn­da “Man­çes­ter Si­tä” trans­fer bo­lan is­pa­ni­ýa­ly No­li­ta ýe­ne-de “La Li­ga” gaýt­dy. “Se­wil­ýa” bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­la­şan 30 ýaş­ly hü­jüm­çi­niň trans­fer ba­ha­sy 9 mil­li­on ýew­ro diý­lip kes­git­le­nil­di. “Se­wil­ýa” to­pa­ry “Pre­mi­er li­ga­da” 9 oýun­da 6 gol ge­çi­ren No­li­to­dan öňem Lu­is Mu­ri­el, Ewer Ba­ne­ga, Gui­di Pi­zar­ro, Se­bas­ti­an Gor­çia da­gy­ny ha­ta­ry­na go­şup­dy. To­par “Man­çes­ter Si­ti­den” gaý­dan He­sus Na­wa­sy hem trans­fer et­me­giň ala­da­syn­da.
***
Ozal­ky şä­gir­di Da­ni Al­we­si ha­ta­ry­na go­şup bil­me­dik Pep Gu­ar­dio­la “Tot­ten­ha­myň” ang­li­ýa­ly sag gy­ra­ky go­rag­çy­sy Kaýl Wol­ke­ri trans­fer et­di. “Man­çes­ter Si­ti” to­pa­ry bu trans­fer üçin 55 mil­li­on ýew­ro­ny lon­don­ly­la­ra be­rer. 2-nji bel­gi­de çy­kyş et­jek 27 ýa­şyn­da­ky Wol­ker şä­her­li­ler bi­len 2022-nji ýy­la çen­li de­giş­li ge­le­şik bag­laş­dy.
***
Trans­fer möw­sü­min­de o di­ýen ady ag­zal­ma­ýan “Bar­se­lo­na” to­pa­ry “Ben­fi­ka­nyň” sag gy­ra­ky go­rag­çy­sy Nel­son Se­me­do bi­len dü­zü­mi­ni güýç­len­dir­di. Ka­ta­lon­lar 24 ýa­şyn­da­ky oýun­çy bi­len 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­la­şyp, onuň öň­ki klu­bu­na-da 30+5 mil­li­on ýew­ro be­rer. Se­me­do “Ben­fi­ka­da” 2 möw­süm­de 63 du­şu­şyk ge­çir­di.
***
Ang­li­ýa­nyň çem­pio­ny “Çel­si” to­pa­ry “Mo­na­ko­nyň” fran­si­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy­sy Ti­meu Ba­ka­ýo­ka bi­len dü­zümi­ni güýç­len­dir­di. 45 mil­li­on ýew­ro trans­fer bo­lan 22 ýaş­ly oýun­çy “Çel­si” bi­len 5 ýyl­lyk yla­la­şyk ga­zan­dy. “Renn­de” fut­bo­la baş­lan Ba­ka­ýo­ka 3 ýyl­lap “Mo­na­ko­da” çy­kyş et­di we 63 oýun­da 3 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy.
***
“Se­wil­ýa­nyň” 31 ýa­şyn­da­ky go­rag­çy­sy Adil Ra­mi 6 ýyl­dan soň, ýur­du­na do­lan­dy. Ol “Mar­sel” to­pa­ry bi­len 4 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. “Mar­sel” bu trans­fer üçin is­pan klu­bu­na 6 mil­li­on ýew­ro tö­lär. Fran­si­ýa­da “Lill”, Is­pa­ni­ýa­da “Wa­len­si­ýa”, Ita­li­ýa­da-da “Mi­lan” to­pa­ryn­da oý­nan Ra­mi ge­çen möw­süm­de “Se­wil­ýa­nyň” köý­nek­çe­si bi­len 33 ge­zek meý­dan­ça çyk­dy.
***
11 metr­lik je­ri­me ur­gu­la­ry­ny sak­la­mak­da özü­ni ta­na­dan “Wa­len­si­ýa­nyň” bra­zi­li­ýa­ly der­we­ze­çi­si Die­go Al­weş öz ýur­du­na do­lan­dy. 32 ýa­şyn­da­ky der­we­ze­çi Bra­zi­li­ýa­nyň “Fla­men­go” to­pa­ry­nyň ha­ta­ry­na go­şul­dy. 17 pe­nal­ti­ni sak­lap, bu ugur­da “La Li­ga­nyň” re­kor­dy­nyň eýe­si bo­lan Al­weş 6 möw­süm­den bä­ri “Wa­len­si­ýa­da” oý­nap gel­ýär­di.
***
Tür­ki­ýä­niň wi­se-çem­pio­ny “Is­tan­bul Ba­şak­şe­hir” to­pa­ry “Han­no­wer­den” hü­jüm­çi Mew­lüt Er­dinç bi­len “Be­şik­taş­dan” ýa­rym­go­rag­çy Gök­han In­le­ri trans­fer et­di. Iki fut­bol­çy-da tä­ze klu­by bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy.
***
“Galatasaraýyň” türkiýeli goragçysy Semih Kaýa Çehiýanyň “Sparta Praga” topary bilen 3 ýyllyk şertnama baglaşdy. Türk topary bu transferden 2 million ýewro gazanar. 26 ýaşly oýunçy “Galatasaraýda” 140 duşuşyk geçirdi.