Kösükliler maşgalasyna degişli önümler özüňi duýşuňy gowulaşdyrýar, bedeniň garşy durup bilijilik ukybyny berkidip, ömri uzaldýar. Onda gowy siňýän witaminler, beloklar we beýleki möhüm mikroelementler bar. Alymlar kösüklileri her günki iýmitiňde ulanmagy maslahat berýärler. Şeýle hem noýba guragyrynyň, iç bozulmalarynyň we süýjükeseliň açyk bildirýän alamatlaryny peseldýär. Şeýle hem, noýba agramyňy tiz peseltmäge ýardam berýär. Her günde 130 gram noýba, nohut, merjimek iýmek artykmaç agramdan dynmaga ýardam berýär.
Bilermenler 940 adamyň gatnaşmagynda geçirilen 21 klinik barlaglaryny seljerip netije çykardylar. Netijede iýmitiňe kösükliler goşulanda, alty hepdäniň içinde ortaça 0,34 kilogram agramdan dynyp bolýanlygy belli bolupdyr. Mundan ozal, kösüklileriň dokluk duýgusyny 31 göterim güýçlendirýändigi belli bolupdy. Şeýle-de ýürek üçin hem peýdalydyr, çünki olar zyýanly holesterinleriň derejesini peseldýär.