Sagdyn durmuş ýörelgesi öz saglygyny goramaga we berkitmäge tagalla edýän her bir adamy biparh goýmaýar. Häzirki wagtda sagdyn durmuş ýörelgesi düşünjesi lukmançylyk pudagynda, sosiologiýada we psihologiýada gazanylan üstünlikleriň we açyşlaryň hasabyna has-da ösdürildi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bilermenleriniň pikirine görä, “Saglyk bu diňe keselleriň we fiziki näsazlygyň bolmazlygy däl-de, eýsem, doly fiziki, ruhy we sosial eşretdir. Sagdyn durmuş ýörelgesi munuň özi daşky gurşawyň tebigy we sosial faktorlarynyň täsiri esasynda, saglygy goramaga we berkitmäge gönükdirilen ýokary hilli ynsan durmuşydyr”. Şu kesgitlemeden ugur alyp, sagdyn durmuş ýörelgesini düzýän esasy ugurlara gysgaça nazar aýlalyň.
Gün şöhleleri. Ultramelewşe şöhleleriň täsiri bilen adamyň derisi D witamini işläp çykarýar. Ol bolsa, diňe bir süňkleri berkitmän, eýsem, depressiýadan goraýan oňat serişdedir. Bu witaminiň ýeterlik derejesi osteoporozdan, sklerozdan (beden dokumalarynyň keselläp gatamagy) we rahitden (iglilikden) goraýar. Onuň ýetmezçiligi parodontoza, onkologik kesellere, beden etleriniň we bogunlaryň agyrysyna we süýjükesele alyp barýar. Şonuň üçin D witaminini almak üçin Günüň astynda bellenilen şertlerde gezelenç etmek maslahat berilýär. Gün şöhleleriniň ýene-de gowy taraplarynyň biri bolsa, kesel dörediji mikroorganizmleri ýok edýär. Irzamanlar antibiotikler peýda bolmazdan ozal, Gün şöhleleri dürli deri kesellerini bejermekde ulanylypdyr. Bulardan başga-da güýçli bolmadyk Gün şöhleleri adam ruhuna oňaýly täsirini ýetirip, özüňi oňat duýmagyňa ýardam berýär. Şonuň üçin gaty yssy bolmadyk güneşli günler gezelenç etmäge biperwaý garamaly däl, açyk penjireden aram-aram Gün şöhleleriniň düşmegine mümkinçilik döretmeli. Beýleki bir tarapdan, Gün şöhleleriniň ýaramaz täsirinden halas bolmak üçin Günden goraýan äýneklerden we kremlerden peýdalanmaly.
Howa. Arassa howa bedeniň umumy ýagdaýyna oňat täsirini ýetirýär. Öýüň içindäki howa dymyk bolsa, kellagyra, ukynyň bozulmagyna, ganygyzgynlyga, ünsüň gowşamagyna we oýlanyş ukyplarynyň peselmegine sebäp bolýar.
Suw. Bedenimiziň kadaly hereketde bolmagy üçin günde 1,5 – 2 litr suwuklyk, onuň 2/3 bölegi bolsa, adaty suw bolmaly. Bedende suwuň ýetmezligi kellagyra, ýadawlyga, ysgynsyzlyga, gyzmalyga, iç gatama, ýüzüň ýellenmegine, ukynyň bozulmagyna eltýär. Biziň ýüregimiz, nerw ulgamymyz, böwreklerimiz, beýleki beden agzalarymyz gije-gündizde 1,5 litre golaý suw içilende has gowy işleýär. Bu mukdar agramyňa görä, artdyrylyp hem bilner.
Kadaly iýmit. Balansirlenen kadaly iýmitiň esasy ýörelgesi aramlyk we dürli-dürlülikdir. Çünki beden ähli zerur ýokumly maddalary we mikroelementleri almalydyr. Iýmitiň özenini şüle, çörek, makaron önümleri we ýeralmasy düzmelidir. Kletçatka, witaminlere we minerallara baý gök-önümleri ulanmagy çäklendirmeli däldir. BSSG-niň bilermenleriniň teklibine görä, adam her günde 500 gram miwe we gök önümleri iýmelidir. Şonuň ýaly hem öz iýmit sanawyňa süýt önümlerini, ýumurtga we noýba goşmak zerurdyr. Şeýle hem iýmit sanawyňa balyk, ýagsyz et, hoz we maňyz goşmak möhümdir. Nahar bişirilende ösümlik ýagy ulanylsa, hem-de süýji önümlerini ulanmagy çäklendirseň has-da maksada laýyk bolar.
Sagdyn we balansirlenen iýmit – bu göni içegedäki düwnügiň, iç gatamanyň, babasylyň, gastritiň, ýürek-damar ulgamynyň kesellemeginiň, gipertoniýanyň, osteoporozyň we başga-da köp sanly keselleriň öňüni almagyň esasy düýp özenidir.
Fiziki maşklar. Fiziki türgenleşik diňe bir maddalaryň çalyşmasyny we bedendäki ganyň aýlanmasyny gowulandyrman, eýsem, bedeniň gorag ulgamyny berkidýär, holesteriniň mukdaryny azaldýar we maddalaryň çalşygyny kadalaşdyrýar. Ulular her günde iň azyndan 10 müň ädim ýöremelidir. Şeýle hem hepdede bäş sapar aerobika, ylgaw, ýüzüş we sportuň beýleki görnüşleri bilen bir sagada golaý meşgullanmak peýdalydyr. Onuň iň ýönekeý usuly bolsa, özüňize ylgaw ýodaly enjamy satyn alyp, öý şertlerinde söýgüli filmiňize seredip, göwräňizi hereket etmäge mejbur edip bilersiňiz.
Dynç almak. Adamyň hünärine laýyklykda, günde, hepdede we ýylda dynç almagy zerurdyr. Mysal üçin, agyr fiziki zähmetden soň dynç almak, ukyňy almak, gyzykly kitap okamak ýa-da söýgüli kürsiňde oturmakdyr. Eger-de işiňde köp oturýan bolsaňyz, sport merkezlerine barmaak we dostlaryň bilen arassa howada gezelenç etmek maslahat berilýär.
Saklanmak. Hünärmenleriň pikirine görä, saklanmak – saglyga zyýanly zatlardan doly uzaklaşyp, peýdaly zatlarda hem aramlygy saklamakdan ybaratdyr. Mysal üçin, çilim, alkogol içgileriň köp mukdary saglyga düýpli zyýan ýetirýär. Şonuň üçin saglygyňy goramak üçin bu zeýilli ýaramaz endiklerden saklananyň ýagşy. Beýleki bir tarapdan bolsa, her günde sport bilen meşgullanmak bedeni berkidýär.
Saglygyň ruhy jäheti. Uzak ýaşanlar bilen geçirilen barlaglarda olary diňe bir sagdyn iýmit we sport däl-de, eýsem, durmuşa bolan oňat garaýşy we ownuk-uşak zatlardan hem şatlyk tapmak ukyby ömürleriniň dowamlylygyna täsirini ýetirýän eken. Eger-de adam hemişe öz-özi bilen içki gapma-garşylykda ýaşaýan bolsa ýa-da haýsydyr bir şowsuzlyk zerarly umydyny ýitiren bolsa agyr strese duçar bolýar we bu ýagdaý hem öz gezeginde adamyň saglygyna düýpli zeper ýetirýär. Şonuň üçin ruhy babatda hem sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmaga tagalla etmeli, ýylgyrmaly, durmuşda duş gelýän kynçylyklara ýeňil çemeleşmeli.
Özara goldaw. Geçirilen köp sanly barlaglarda uly maşgalada ýaşamak däpleriniň saklanýan ýerlerinde ömrüň dowamly bolýanlygyny we özara goldaw we ýardam bar ýerinde hem berk jan-saglygyň bardygy belli bolupdyr. Haýyr-sahawat işleri bilen meşgullanmak, şeýle hem işjeň sosial hereket we dostlaryň köplügi özüňi duýşuňa peýdaly täsir edýär.
Iň esasy zat. Uly ýoluň ilkinji ädimlerden başlanyşy ýaly sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek hem biziň saglygymyzy berkidýän ýa-da tersine edýän hereketlerimiziň arasyndaky her günde berjaý etmeli akylly-başly saýlawymyzdan başlaýandygyny unutmaň!
Muhammetnazar Rozyýew, Aşgabatdaky “Gaýragoýulmasyz Tiz kömek
merkeziniň” anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminiň lukmany.