Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa kenarynda halkara syýahatçylygyň merjen mekany hasaplanýan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy döredildi. Ol bu günki günde her bir türkmenistanlynyň, galyberse-de, ýurdumyza gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň iň arzyly mekanyna öwrüldi. Şeýle hem jana şypaly howasy hem-de tenekar gidromineral serişdeleri Awazany sagdynlygyň, sportuň hem-de syýahatçylygyň işjeň mekanyna öwürdi.
Her ýyl milli Liderimiz tomus paslynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gysga möhletli dynç alyşda bolýar. Bu gezegem hormatly Prezidentimiz Awazada dynç alýan döwründe ogly we agtyklary bilen Hazar deňziniň kenary boýunça welosipedli gezelenç etdi.
Şeýle hem milli Liderimiz Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumynda egindeşleri bilen sport maşklaryny ýerine ýetirdi we halkara derejeli şypahana zolagynyň üstüni ýetiren “Awaza” sport toplumynyň käbir sport zallaryny aýlanyp gördi.
Egindeşleri bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň günbatar sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, şol sanda giň möçberli “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek taslamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek meselesine ünsi çekdi. Häzirki wagtda bu syýahatçylyk zolagy türkmenistanlylara hem-de daşary ýurtly myhmanlara dynç alşyň dürli görnüşlerini hödürleýär.
Mälim bolşy ýaly, adamyň saglygyny berkitmek, jemgyýetde, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy. Bularyň ählisi şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda-da uly ähmiýete eýedir.
Döwlet Baştutanymyz sport toplumynyň trenažýor zalyna baryp, trenažýorlarda birnäçe maşklary ýerine ýetirip, özüniň beden taýdan taýýarlygynyň ýokary derejededigini ýene-de bir gezek görkezdi. Munuň özi sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmagyň netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasyna öwrülmegi üçin maksada laýyk çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň başa-baş söweş sungaty zalyna bardy. Şu pursatda bolsa, ýurdumyzyň hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, trenažýorlarda maşklary ýerine ýetirmek bilen meşgullanýardylar, şeýle hem toparlara bölünip, toplumyň sport zallarynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlary guradylar.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa we wise-premýer A.Garajaýew bilen söhbetdeş bolup, milli sport ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we ösdürmek, bu ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, ýokary netijeler sportuny giňden wagyz etmek meselelerine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sport, mugallymçylyk we medeni-aň-bilim düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz trenažýor zala baryp, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan şu ýylda ýurdumyzda köpsanly sport çäreleriniň geçirilendigini, bu bolsa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna degişli derejedäki taýýarlygy üpjün edýändigini belledi.
Milli Liderimiz “Awaza” sport toplumynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşyna kanagatlanma bildirip, häzirki zaman sport enjamlarynyň netijeli ulanylmagy, onuň sport bilen meşgullanmaga isleg bildirýänlere elýeterli bolmagy ugrunda yzygiderli tagalla edilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.
MÄHRIBAN ARKADAGYMYZDAN HALKYMYZA TÄZE SOWGAT
Hazaryň kenarynda dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz agtyklary bilen çeper döredijilik, aýratyn-da, sungat eserlerini döretmek bilen meşgullandy. Milli Liderimiziň agtyklary Kerimguly, Ysmaýyl hem-de Rahym saz dünýäsine çuňňur aralaşmak ýörelgesine eýerip, sungatyň inçe syrlaryny yhlas bilen ele alýarlar. Bu ugurda olara Arkadag Prezidentimiz görelde mekdebi, ussat halypa bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz agtyklary bilen özüniň täze döredýän “Ýadymda” atly aýdymynyň käbir setirleriniň üstünde işledi. Milli Liderimiz ilki bilen roýal saz guralynda täze aýdymyň sözlerine hiňlendi. Şol birwagtyň özünde döwlet Baştutanymyz agtyklarynyň hersine dürli saz gurallarynda bu aýdymyň sazyny öwretdi. Soňra hormatly Prezidentimiz saz sungatyna uly höwesi bolan agtyklary bilen täze aýdymy ýerine ýetirdi. Milli Liderimiz agtyklaryny döredijiligiň dürli ugurlaryna ugrukdyryp, olara halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan sungatynyň şöhratly taryhy, halk aýdym-sazlarynyň milletiň ösüşindäki ähmiýeti, halypa bagşylaryň milli saz sungatyny ösdürmek ugrunda bitiren hyzmatlary barada gürrüň berdi.
Döwlet Baştutanymyz “Ýadymda” atly täze aýdymyň jemleýji pursatlarynyň üstünde işleýär. Bu owadan dünýä mysaly nurana söýgini wasp edýän aýdym ýakyn wagtda dolulygyna diňleýjilere ýetiriler. Munuň özi halkymyza ajaýyp sowgat bolar.
MAŞGALA GYMMATLYKLARY AÝRATYN ÄHMIÝETE EÝEDIR
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, körpeler üns-alada bilen gurşalmalydyr. Döwlet Baştutanymyzyň bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesliň abadançylygyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegi netijesinde ýaş türkmenistanlylaryň sazlaşykly ösmegi üçin oňaýly şertler döredildi. Arkadag Prezidentimiz milletimiziň özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegi bolan gadymdan gelýän maşgala gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, özüniň dynç alyş günlerini çagalary we agtyklary bilen bilelikde geçirdi.
Ine şol gün hem milli Liderimiziň agtyklary dürli oýunlar, surat çekmek, şeýle hem el işleri bilen gümra bolup, özleriniň dürli hünärler bilen gyzyklanýandyklaryny görkezdiler. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ösüp gelýän nesliň geljekki hünäri saýlap almaga bolan gyzyklanmasyny goldamak we höweslendirmek halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän asylly ýörelgeleriniň biridir.
Şol pursatda Hazar deňziniň giňişliklerine tarap ak guw ýaly “Berkarar” gämisi ýüzüp barýardy. Gämide gezelenje çykan hormatly Prezidentimiziň ogly we agtyklary deňziň kenarynda dynç alýan ýakynlaryna şatlyk bilen ellerini buladylar. Olar hem gämide ýüzüp barýanlary mübäreklediler. Soňra körpeler ýene-de oýunlara meşgul boldular – oglanjyklar dürli görnüşli oýnawaçlary ýerli-ýerinde goýuşdyrsa, gyzjagazlar tikin maşynjygynda el işine gümra boldular. Çeper döredijilik bilen meşgullanýan çagalar bolsa, öz çeken suratlaryny görkezip, mähriban Arkadagymyzyň “sag bolsunlaryna” mynasyp boldular.
Bularyň ählisi nesilleriň dowamatlylygynyň, maşgala gymmatlyklarynyň mizemezliginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bolsa, maşgala gymmatlyklaryna aýratyn ähmiýet berýär.