25-nji iýulda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda geçirilýän iri möçberli işleriň barşy, şeýle hem Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça geçirilýän çäreler bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz köpugurly sport toplumyna baryp görmeginiň dowamynda münberleri 45 müň tomaşaça niýetlenen Olimpiýa stadionyna geldi. Milli Liderimiz Oýunlaryň baş meýdançasyny synlap, stadionyň enjamlaşdyrylyşyna hem-de onuň Aziada–2017-niň açylyş dabarasyna taýýarlyk derejesine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimize Aşgabada, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna geljek hormatly myhmanlar üçin sport lybaslarynyň sowgatlyk toplumlary görkezildi. Şeýle hem bu ýerde myhmanlar üçin dürli serişdeler, sowgatlyk önümleri, torbalar, türkmen alabaýynyň, ahalteke bedewiniň şekilleri, milli keşdeler salnan torbalar, tahýalar, alajalar, V Aziadanyň nyşany ýerleşdirilen sport aýakgaplary, köýnekçeler, ýazuw depderçeleri, ruçkalar, göwnejaý bezelen maglumat neşirleri we beýlekiler görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz köpugurly sport toplumyndan çykyp, bu ýerde goýlan awtoulag serişdeleriniň nusgalaryny synlady, olar Oýunlaryň geçirilýän döwründe ýolagçylara hyzmat eder.
Şeýle hem milli Liderimiz Garaşsyzlyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň durky täzelenen edara binasyna baryp, onuň enjamlaşdyrylyşyny synlady. Binanyň içinde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň 6-sy—Demokratik partiýa we Agrar partiýa, Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezi, Zenanlar birleşigi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasy ýerleşýär. Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň edara binasynda “tegelek stollary”, duşuşyklary, ýygnaklary, maslahatlary geçirmek üçin niýetlenen we ähli amatlyklary bolan 5 sany 20 orunlyk, 2 sany 130 orunlyk we bir sany 60 orunlyk mejlisler zallary ýerleşýär. Binanyň ikinji gatynda ajaýyp şekilde bezelen dürli maslahatlary geçirmek üçin uly mejlisler zaly bar. Binanyň üçünji gatynda hormatly Prezidentimiziň görnükli eserleri, şeýle hem beýleki kitaplar bilen üpjün edilen kitaphana ýerleşýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz Aşgabady ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň taslamasyny durmuşa geçirmegiň barşy bilen tanyşdy. Bu taslamanyň çäklerinde ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlarynyň iri toplumy gurlupdyr. Tutuşlygyna alnanda, taslama boýunça iki gatly kottejleriň 208-sini, 12 gatly jaýlaryň 18-sini we 3-4 gatly jaýlaryň 16-syny, şeýle hem öz içine söwda merkezlerini, çagalar bagyny, mekdebi we beýlekileri alýan durmuş düzümli birnäçe degişli desgalary gurmak göz öňünde tutulypdyr. Täze binalary gurmak üçin paýtagtymyzyň günorta-günbatar künjeginden giň meýdan bölünip berlipdir.
15-nji tapgyryň desgalarynyň gurluşygyny alyp barmak işi ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine tabşyryldy. Ähli jaýlarda döwrebap garaž, degişli tehniki desgalar we beýleki jaýlar bar. Her biri 350 inedördül metrden gowrak kottejler özboluşly binagärligi bilen tapawutlanýar.
Ähli amatlyklary bolan 48 we 72 öýli belent jaýlar ähli ölçegleri boýunça ýokary derejeli rahatlyk şertleri bilen üpjün edilipdir. Bu täze salnan 12 gatly jaýyň öýleri belent potoloklary we giň ýaşalýan otaglary bilen tapawutlanýar. Döwrebap enjamlar toplumy bilen ähli amatlyklary bolan üç otagly hem-de dört otagly jaýlaryň ýaşaýjylary üçin döwrebap amatlyklaryň doly toplumy kepillendirilýär. Olaryň her birinde lift gurnalandyr. Üç gatly sekiz jaýda umumy meýdany 222 inedördül metrden gowrak ýokary amatlykly alty sany giň öýler ýerleşdirilendir. Dört gatly jaýlarda her biri 253 inedördül metrden gowrak sekiz sany öý ýerleşdirilendir.
Binagärleriň we taslamaçylaryň pikirleri boýunça paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň merkezi böleginde täze seýilgäh zolagyny gurmak göz öňünde tutulýar.
Milli Liderimiz iş saparynyň jemlerini jemlemek bilen, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň ýokary derejesini üpjün etmegiň möhümdigine, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we şäher jemagat gulluklarynyň işini kämilleşdirmek, ähli bina edilýän desgalaryň ýokary hil derejesini hem-de olary ulanmaga bermegiň bellenilen möhletleriniň berk berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň öz wagtynda çözülmeginiň zerurdygyna ünsi çekip, şunuň bilen baglylykda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.