Be­la­rus bi­len Uk­rai­na ýa­kyn ýyl­lar­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy­ny 8 mil­liard dol­la­ra ýe­tir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ba­ra­da Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Lu­ka­şen­ko­nyň Uk­rai­na sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de ýur­duň Pre­zi­den­ti Pet­ro Po­ro­şen­ko bi­len ge­çi­ren gep­le­şik­le­ri­niň bar­şyn­da yla­la­şyl­dy.
Ki­ýew şä­he­rin­de ge­çi­ri­len be­la­rus-uk­ra­in ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry tä­ze sep­git­le­re ýe­tir­mä­ge de­giş­li me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Res­mi gep­le­şik­ler­den soň­ra iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry met­bu­gat we­kil­le­ri­ne ýüz­len­di­ler. Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti gep­le­şik­le­riň bar­şyn­da bi­rin­ji de­re­je­de yk­dy­sa­dy me­se­le­le­riň ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­dy­gy­ny mä­lim et­di.
– Be­la­rus bi­len Uk­rai­na eks­por­ty gi­ňelt­mä­ge, se­na­gat dü­züm­le­ri­ni ös­dür­mä­ge, ýol-ulag inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy­na de­giş­li bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýär. Uk­rai­na be­la­rus önüm ön­dü­ri­ji­leri üçin oňat ba­zar. Şol bir­wagt­da Be­la­rus hem uk­ra­in hyz­mat­daş­la­ry­na açyk­dyr. 2016-njy ýyl­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky ha­ryt do­la­ny­şy­gy 4 mil­liard dol­la­ra go­laý­la­dy. Ýö­ne mu­nuň bi­len ar­ka­ýyn­laş­ma­ly däl. Ýa­kyn ýyl­lar­da bu gör­ke­zi­ji­ni ozal­ky 8 mil­liard dol­lar de­re­je­si­ne ýe­tir­me­li – di­ýip, Be­la­ru­syň döw­let Baş­tu­ta­ny bel­le­di.
Iki ýur­duň hu­su­sy pu­da­gy­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ry ýyg­jam­laş­dy­ryp, hal­ka­ra ba­za­ryn­da uly is­leg­den peý­da­lan­ýan önüm­le­ri bi­le­lik­de ön­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Ge­çen ýyl Uk­rai­na­da bi­le­lik­dä­ki kär­ha­na­lar­da 2,5 müň­den gow­rak be­la­rus trak­tor­la­ry we 180 kom­baýn­lar ýyg­nal­dy, 500 tö­we­re­gi lift we beý­le­ki ze­rur en­jam­lar ön­dü­ril­di.
Ta­rap­la­ryň ara­syn­da bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy has-da pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Be­la­ru­syň Go­mel şä­he­rin­de il­kin­ji se­bi­ta­ra fo­ru­my ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­dy.
Iki ýur­duň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ne gol çe­kil­di. 2017–2021-nji ýyl­lar üçin me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da­ky me­ýil­na­ma, Be­la­ru­syň Mil­li ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy bi­len Uk­rai­na­nyň Mil­li ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk yla­la­şy­gy­na gol çe­kil­di.