Ady: “Dýun­kerk” (Dun­kirk); Re­žiss­ýo­ry: Kris­to­fer No­lan; Keşp­ler­de: Fionn Waýt­hed, Tom Glinn-Kar­ni, Jek Low­den, Har­ri Staýls, Anu­rin Bar­nard, Jeýms D’Ar­si, Ber­ri Keo­gan, Ken­net Bra­na, Sil­li­an Mör­fi, Mark Raý­lans, Tom Har­di; Prod­ýu­se­rleri: Em­ma To­mas, Kris­to­fer No­lan; Sse­na­ri­çi: Kris­to­fer No­lan; Kom­po­zi­to­ry: Hans Zim­mer; Ön­dü­ri­ji: “War­ner Bros. Pictu­res”, “Rat­Pac-Du­ne En­ter­ta­in­ment”, “Canal+”, “Cine+”, “Stu­diocanal”, “Syncopy Inc.”; Paý­laý­jy: “War­ner Bros. Pictu­res”; Do­wam­ly­ly­gy: 106 mi­nut; Gör­nü­şi: uruş­ly, sö­weş, ta­ry­hy, tril­ler; Ýur­dy: Bir­le­şen Ko­rol­lyk, ABŞ, Fran­si­ýa, Ni­der­land­lar; Di­li: iň­lis­çe; Býu­je­ti: 100 mil­li­on $.

“Ýat­la­ma”, “Bet­men baş­lan­gyç”, “Ga­ra ry­sar”, “Baş­lan­gyç” hem-de “Ýyl­dyz­lar ara­sy” ýa­ly iri tas­la­ma­la­ryň re­žiss­ýo­ry Kris­to­fer No­la­nyň köp ga­ra­şy­lan tä­ze ek­ran ese­ri “Dýun­kerk” hem ahy­ry pro­ka­ta çyk­dy. Fionn Waýt­hed, Tom Glinn-Kar­ni, Jek Low­den, Har­ri Staýls, Ken­net Bra­na, Sil­li­an Mör­fi, Mark Raý­lans, Tom Har­di ýa­ly ar­tist­le­riň dür­li keşp­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­ren ki­no­syna 100 mil­li­on dol­lar çyk­da­jy edil­di. Fran­si­ýa­dyr Ang­li­ýa­da, Ni­der­land­larda hem-de ABŞ-da su­ra­ta al­nan fil­miň sa­zy­ny-da os­kar­ly meş­hur kom­po­zi­tor Hans Zim­mer ýaz­dy. Re­žiss­ýo­ryň özi şol bir­wagt­da sse­na­ri­çi hem-de prod­ýu­ser hök­mün­de-de çy­kyş ed­ýär. Ki­no il­kin­ji hep­de­sin­de 125 mil­li­on dol­lar tö­we­re­gi kas­sa ýy­gy­my­ny top­la­dy.
Film­de 2-nji Ja­han ur­şu­na özü­niň uly tä­si­ri­ni ýe­ti­ren Dýun­kerk ha­dy­sa­sy ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Fran­si­ýa bi­len Ang­li­ýa­nyň ara­çä­gin­dä­ki Dýun­kerk diý­len ýer­de bo­lup ge­çen wa­ka­dan soň, ur­şuň ýag­da­ýy üýt­ge­ýär. Duş­man­lar ta­ra­pyn­dan tu­tuş­ly­gy­na ga­baw as­ty­na al­nan Dýun­kerk­den çyk­mak üçin tab­şy­ryk alan es­ger­le­r gaý­duw­syz gah­ry­man­çy­lyk­ gör­ke­zil­ýär. Şol ta­ry­hy wa­ka­lar film­de äh­li ba­bat­da, aý­ra­ty­nam wi­zu­al ef­fekt­ler taý­dan diý­seň us­sat­lyk bi­len be­ýan edil­ýär.