Demirgazyk we Orta Amerika hem-de Karibler zolagynyň kubogy bolan “CONCACAF GOLD Cup” futbol ýaryşynda ýer eýesi ABŞ-nyň ýygyndysy çempion boldy. Amerikanlar Santa Klara şäherindäki “Levi’s” stadionynda oýnalan finalda Ýamaýkany 2–1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 63032 janköýeriň tomaşa eden duşuşygynda Gwatemaladan Wolter Lopes jürlewük çaldy. Oýnuň 45-nji minutynda Žozi Altidor ABŞ-nyň ýygyndysyny öňe saýlady we toparlar arakesmä çykdylar. 2-nji ýarym başlananyndan 5 minut soň, Že-Won Watson hasaby deňledi. Duşuşygyň tamamlanmagyna 2 minut galanda, has takygy, 88-nji minutda Jordan Morris amerikalylara ýeňiş getiren goly derwezä girizdi. Şeýlelikde, ABŞ-nyň futbol ýygyndysy “CONCACAF GOLD Cup” ady bilen geçirilip başlanyndan bäri, ýagny 1991-nji ýyldan bu ýana 6-njy gezek çempion boldy. Olar mundan ozal, 1991-nji, 2002-nji, 2005-nji, 2007-nji hem-de 2013-nji ýyllarda çempionlyk gazanypdylar. Ýarym finalda Meksikany Lawrensiň 88-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen ýeňen Ýamaýka bassyr 2-nji sapar finalda ýeňlişe sezewar boldy. Ýamaýka 2015-nji ýylyň finalynda-da Meksikadan 3–1 hasabynda asgyn gelipdi. Ýeri gelende aýtsak, ABŞ ýarym finalda Kosta Rikany Altidor we Dempsiniň gollary bilen 2–0 hasabynda utupdy.
Çempionatyň iň gymmatly oýunçysy diýlip, amerikaly Maýkl Bredli saýlandy. 3 gol geçiren kanadaly Alfonso Deýwis çempionatyň iň netijeli oýunçysy hem-de bäsleşigiň iň ökde ýaş futbolçysy baýraklaryny eýeledi. “CONCACAF Gold Cup – 2017” ýaryşynyň simwolik ýygyndysyna-da derwezeçi Andre Bleýk (Ýamaýka), goragçylardan Kemar Lawrens, Jermeýn Teýlor (ikisem Ýamaýka), Grem Zusi, Omar Gonzales (ikisem ABŞ), ýarymgoragçylardan Hesus Duenas (Meksika), Alfonso Deýwis (Kanada), Maýkl Bredli, Darlington Nagbe hem-de hüjümçilerden Jordan Morris bilen Žozi Altidor (dördüsem ABŞ) saýlandy.
14-nji gezek geçirilen “Gold Cup” ýaryşynda Meksika 7, ABŞ 6 hem-de Kanada 1 gezek çempionlyk gazandy. Bu bäsleşik 1963–1989-njy ýyllar aralygynda CONCACAF-yň çempionaty diýlen at bilen geçirilýärdi.