Weng­ri­ýa­nyň paý­tag­ty Bu­da­peşt­de do­wam ed­ýän FI­NA suw sport­la­ry dün­ýä çem­pio­na­tyn­da me­dal­la­ryň sa­na­wyn­da hy­taý­ly tür­gen­ler öň­de­li­gi eýe­le­ýär. Aý­ra­ty­nam, su­wa bök­mek ýa­ryş­la­ryn­da­ky ök­de­li­gi bi­len ta­nal­ýan hy­taý­ly­lar 12 al­tyn, 11 kü­müş, 5 bü­rünç me­dal ga­zan­dy­lar. 14-nji iýulda başlan çem­pio­nat­da ame­ri­ka­ly tür­gen­ler al­tyn­dyr kü­müş me­dal­la­ryň her­sin­den 10, şeýle hem 6 bü­rünç me­dal top­lap, 2-nji ha­tar­da bar­ýar­lar. 3-nji orun­da rus­si­ýa­ly tür­gen­ler bo­lup, olar 8 al­tyn me­dal ga­zan­dylar. Çem­pio­nat­da ýüz­me­giň dür­li gör­nüş­le­rin­den 10-a go­laý dün­ýä re­kor­dy go­ýul­dy. Ame­ri­ka­ly ze­nan ýü­zü­ji, Olim­pi­ýa çem­pio­ny Keý­ti Le­de­ki bilen russiýaly Swetlana Kolesniçenko 4 al­tyn, bri­ta­ni­ýa­ly Adam Pi­ti hem-de hy­taý­ly Sun Ýan 2 al­tyn me­dal ga­zan­ma­gy ba­şar­dy. 182 ýurt­dan 2500-e go­laý tür­ge­niň gat­naş­ýan 17-nji Dün­ýä çem­pio­na­ty er­tir ta­mam­la­nar.