Lon­do­nyň “West Ham” to­pa­ry Le­wer­ku­ze­niň “Ba­ýer” klu­bun­dan mek­si­ka­ly hü­jüm­çi Ha­wi­er Her­nan­de­si (Çi­ça­ri­to) 16 mil­li­on funt ster­lin­ge trans­fer et­di. 29 ýaş­ly oýun­çy tä­ze klu­by bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. 6 ýyl­lap “Man­çes­ter Ýu­naý­ted­de” oý­nan Her­nan­des şol dö­wür­de “Pre­mi­er” li­ga­da 156 du­şu­şyk­da 59 gol ge­çirip­di. Ol 2015-nji ýyl­da 7,3 mil­li­on fun­ta “Ba­ýe­re” trans­fer bo­lup­dy. Şeý­le-de “West Ham” to­pa­ry “Stok Si­ti­niň” awst­ri­ýa­ly hü­jüm­çi­si Mar­ko Ar­nau­to­wi­çi hem öz ha­ta­ry­na goş­dy. Bu trans­fe­riň ba­ha­sy 20 mil­li­on funt ster­ling diý­lip kes­git­le­nil­di. To­par 28 ýaş­ly oýun­çy bi­len 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­laş­dy. 4 ýyl ozal “Wer­der­den” “Stok Si­tä” ge­çen Ar­nau­to­wiç “Pre­mi­er” li­ga­da 125 du­şu­şyk­da 22 ge­zek ta­pa­wut­lan­dy.

* * *

Ang­li­ýa­nyň “Man­çes­ter Si­ti” to­pa­ry go­ra­gy­ny güýç­len­dir­me­gi­ni do­wam ed­ýär. Şä­her­li­ler il­ki “Re­al Mad­rid­den” bra­zi­li­ýa­ly sag gy­ra­ky go­rag­çy Da­ni­lo­ny, soň­ra-da “Mo­na­ko­dan” fran­si­ýa­ly çep gy­ra­ky go­rag­çy Ben­ža­min Men­di­ni trans­fer et­di. 2 oýun­çy hem 5 ýyl­lyk şert­na­ma gol çek­di. “Man­çes­ter Si­ti” 26 ýaş­ly Da­ni­lo üçin “Rea­la” 35, 23 ýaş­ly Men­di üçi­nem “Mo­na­ko” to­pa­ry­na 58 mil­li­on ýew­ro be­rer. Şeý­le­lik­de, Ben­ža­min Men­di fut­bo­lyň ta­ry­hyn­da trans­fer edi­len iň gym­mat go­rag­çy diý­lip ha­sa­ba alyn­dy.

* * *

10 ýyl­dan bä­ri “Li­wer­pu­lyň” köý­nek­çe­si­ni ge­ýip gel­ýän bra­zi­li­ýa­ly ýa­rym­go­rag­çy Lu­kas Lei­wa kar­ýe­ra­sy­ny Ita­li­ýa­nyň “La­sio” klu­bun­da do­wam etdirer. 5 mil­li­on ýew­ro trans­fer bo­lan 30 ýaş­ly oýun­çy tä­ze to­pa­ry bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma ga­zan­dy. Lei­wa “Li­wer­pul­da” 345 du­şu­şyk­da meý­dan­ça çyk­dy.

* * *

“Pre­mi­er” li­ga­nyň soň­ky çem­pio­ny “Çel­si” to­pa­ry “Re­al Mad­ri­diň” is­pa­ni­ýa­ly hü­jüm­çi­si Al­wa­ro Mo­ra­ta­ny 70 mil­li­on ýew­ro ba­ha ha­ta­ry­na goş­dy. Goş­ma­ça tö­leg­ler bi­len onuň 80 mil­li­on ýew­ro hem çyk­ma­gy müm­kin. 24 ýa­şyn­da­ky hü­jüm­çi lon­don­ly­lar bi­len 5 ýyl­lyk şert­na­ma bag­la­şyp, ol klu­buň ta­ry­hyn­da­ky iň gym­mat oýun­çy bol­dy.

* * *

Ita­li­ýa­nyň “Ýu­wen­tus” to­pa­ry “Fio­ren­ti­na­dan” 23 ýaş­ly hü­jüm­çi Fe­de­ri­ko Ber­nar­des­ki­ni sa­tyn al­dy. Bu trans­fer üçin 40 mil­li­on ýew­ro harç­lan tu­rin­li­ler ita­li­ýa­ly hü­jüm­çi bi­len 5 ýy­la ni­ýet­le­nen ge­le­şi­ge gol çe­kiş­di. Bernardeski “Fio­ren­ti­na­da” ge­çen möw­süm­de 42 oýun­da çy­kyş edip, 14 gol, 5 asist­lik ne­ti­je gör­kez­di. Ol “Ýu­wen­tus­da” 10-njy bel­gi­li köý­nek­çä­ni ge­ýer.

* * *

“Se­rie A-nyň” “Ro­ma” to­pa­ry “Man­çes­ter Si­ti­den” bo­ga­ri­ýa­ly çep gy­ra­ky go­rag­çy Alek­sandr Ko­la­row bi­len dü­zü­mi­ni güýç­len­dir­di. 5 mil­li­on ýew­ro ba­ha trans­fer bo­lan 31 ýaş­ly Ko­la­row rim­li­ler bi­len 3 ýyl­lyk şert­na­ma gol çe­kiş­di. 2007–2010-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da “Ro­ma­nyň” eze­li bäs­de­şi “La­sio­da” çy­kyş eden Ko­la­row “Man­çes­ter Si­ti­de” 2 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­zan­dy.