Türkmenistanyň kubogy ýaryşynyň täze möwsümine badalga berildi. 1/8 finalyň çäklerinde geçirilýän ýeke-täk duşuşykda paýtagtymyzyň “Köpetdagy” öz meýdançasynda Daşoguz şäheriniň “Turan” toparyny kabul etdi. Oýnuň 18-nji minutynda myhmanlar hasaby açdy. Bu goly Ibragim Ibragimow derwezä girizdi. Ýöne ýer eýeleriniň jogaby gijikmedi. 1 minutdan soň, has takygy, 19-njy minutda Röwşen Halmämmedow hasaby deňledi. 1-nji ýarym deňlikde tamamlandy. 2-nji ýaryma aşgabatlylar erjel başlady. Duşuşygyň 58-nji minutynda Ýazgylyç Gurbanow “Köpetdagy” öňe saýlady. Bu top duşuşykdaky soňky gol boldy. Şeýlelikde, “Köpetdag” 1-nji duşuşykda 2–1 hasabynda ýeňiş gazandy. Jogap oýny ertir, 30-njy iýulda Daşoguzda oýnalar.
24-nji gezek geçirilýän Türkmenistanyň kubogy bäsleşiginde geçen ýyl “Altyn asyr” topary ýeňiş gazanypdy. Olar finalda “Aşgabat” toparyndan 4–0 hasabynda üstün çykypdylar.