Pyrtykal, greýpfrut, limon we beýleki sitrus miweleriniň her günde iýilmegi adamyň saglyk ýagdaýyna oňaýly täsir edip, demensiýanyň, ýagny, huşuň kütelmeginiň we akyl ýetirme ukybynyň peselmeginiň dörtden bir böleginiň öňüni alýar. Sitrus miweleriniň kislotasynyň düzüminde huşsuzlygy haýallatmaga we ýady dikeltmäge ukyply bolan nobiletin diýlip atlandyrylýan birleşme bar. Alymlar orta we gartaşan ýaşlaryndaky 13000 adamyň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etdiler. Gözegçilik birnäçe ýyllap dowam etdi. Görüp otursalar, her gün sitrus miwelerini iýýänler, ony az sarp edýänler bilen deňeşdirilende, huşsuzlyk ýaly ýagdaýlar bilen az ýüzbe-ýüz bolýan ekenler.
Nobiletin – ösümlik maddalarynyň topary flawonoidlere degişli bolup, sitrus miweleriniň gabygynda bolýar. Mundan ozalky geçirilen barlaglarda onuň sowuklama we düwnüge garşy häsiýetleriniň bardygy anyklanypdy. Birleşme düwnügiň bedene ýaýrap ornaşmagyna mümkinçilik bermeýär. Şeýle hem nobiletin birleşmesiniň dokumalaryň abat saklanmagynda uly ähmiýeti bar eken.