Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew milli Liderimize mejlisi geçirmäge taýýardygy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlaryň şahsy düzüminiň harby-hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem harby gullukçylar üçin döredilýän şertler bilen baglanyşykly meseleleriň girizilendigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açmak bilen, häzirki döwürde “Aşgabat 2017-niň” Oýunlaryna taýýarlyk görmegiň, şol sanda howpsuzlygy üpjün etmegiň çäklerinde alnyp barylýan işleriň möhüm ähmiýetiniň bardygyny, onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümlerine aýratyn ornuň degişlidigini aýdyp, bu babatda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy, bu düzümleriň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin mümkinçilikleriň döredilmegi, olaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyryp we biziň halkymyzyň parahatçylykly, abadan durmuşynyň hem-de döredijilikli zähmetiniň kepili bolup durýan ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada döwletimiziň alada etjekdigini belledi.
Soňra harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary 2017-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen çykyş etdiler. Mejlisiň çäklerinde ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň degişli gulluklary tarapyndan neşe söwdasy bilen meşgullanýanlaryň ele salnandygy, olaryň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygy hakynda hasabat berildi. Şeýle hem ýurdumyzda parahorluga we korrupsiýa garşy göreş çäreleriniň yzygiderli alnyp barylmagynyň netijesinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň ýolbaşçy wezipesinde işleýän adamlaryň wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, eden jenaýatçylygynyň üstüniň açylandygy we olaryň garşysyna jenaýat işiniň gozgalandygy habar berildi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, ýakyn geljek üçin gaýragoýulmasyz wezipeleri kesgitledi we ähli gulluklaryň ýolbaşçylaryndan öz işine jogapkärli çemeleşmegi talap etdi we “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň ýokary derejede howpsuzlygyny üpjün etmegiň ähmiýetine ünsi çekdi.
MILLI LIDERIMIZ ÝOKARY
USSATLYGYNY GÖRKEZDI
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän serhet galasynyň çägine geldi. Bu ýerde häzirki zaman harby we söweşjeň tehnikalary goýlupdyr. Döwlet Baştutanymyz ýokary derejeli söweşjeň aýratynlyklary bolan we ýurdumyzyň harby düzümleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby tehnikalar bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz hödürlenen häzirki zaman kämil söweşjeň ýaraglarynyň birini eline alyp, onuň aýratynlyklaryny synlady we bu ýerden nyşana ok atdy. Milli Liderimiziň atan oklarynyň hemmesiniň nyşananyň onlugyna düşmegi Arkadag Prezidentimiziň ýokary ussatlygynyň harby gullukçylar üçin nusgalyk mekdepdigini has aýdyňlygy bilen äşgär etdi.
Hormatly Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýar. Milli Liderimiziň sportda gazanan üstünlikleri üçin halkara derejeli ýokary baýraklara ençeme gezek mynasyp bolandygyny bellemelidiris.
Döwlet Baştutanymyz ýetginjeklik ýyllarynda hem sportuň söweşjeň görnüşleri bilen meşgullandy. Orta mekdebiň ýokary synplarynda okan döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýetginjekleriň arasynda kiçi kalibrli tüpeňden ok atmak boýunça geçirilýän ýaryşlarda tapawutlanyp, birinji orna mynasyp bolandygyny aýratyn bellemeli. Şeýle hem Arkadag Prezidentimiz klassyky göreş boýunça 1972-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda geçirilen respublikan ýaryşda öz agramy boýunça birinji orny eýelemegi başardy.
Soňra döwlet Baştutanymyz bu ýerde goýlan pistoletden nyşana ok atmakda öz ussatlygyny görkezdi. Oklaryň hemmesiniň onluga düşmegi yzygiderli türgenleşikleriň we özüňe erk etmegiň ýokary nusgasynyň aýdyň netijesidir.
Şeýle hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy uzakdaky nyşana söweş pyçaklaryny örän dürs zyňyp, sowuk ýaraga ussatlyk bilen erk edýändigini görkezdi.
Ozal hormatly Prezidentimiz ýaryş ulaglaryny sürmekde, söweşjeň tehnikalara, şol sanda tanka, şeýle hem sesden çalt uçýan MIG-29 kysymly söweşjeň uçara erk etmekde ussatlyk görkezdi. Munuň özi milli Liderimiziň belent maksatlara ýetmäge bolan yhlasynyň, döwrebap söweşjeň tehnikalaryna ussatlyk bilen erk etmegiň aýdyň nusgasy bolup durýar.
ÝARAGLY GÜÝÇLERIMIZIŇ SÖWEŞJEŇ
TAÝÝARLYGYNA ÝOKARY BAHA BERILDI
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby tälim-okuw türgenleşiginiň geçýän ýerine geldi. Bu ýerde “Türgen – 2017” atly tälim-okuw türgenleşigine badalga berildi.
Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeler netijesinde harby we hukuk goraýjy edaralary häzirki zaman tehnikalary hem-de enjamlary bilen üpjün etmegiň hasabyna Milli Goşunymyzyň kuwwaty berkidilýär. Olar eziz Watanymyzyň mukaddes serhetleriniň ygtybarly goragynda netijeli ulanylýar.
Şu gün merdana Watan goragçylary tälim-okuw türgenleşiginde söweşjeň taýýarlyklarynyň has-da ýokarydygyny görkezdiler. Döwlet serhedini bozan ýaragly toparlary ele salmak hem-de zyýansyzlandyrmak boýunça taýýarlanan tälim-okuw türgenleşigine ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümi gatnaşdylar. Bellenen yşarat boýunça ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň nobatçy güýçleri we ýörite maksatly toparlary aýaga galdyryldy we tälim-okuw türgenleşigi üstünlikli amala aşyryldy. Türgenleşikde türkmen esgerleri iň kämil harby tehnikalara ussatlyk bilen erk edip bilýändiklerini görkezdiler.
Iň kämil harby tehnikalar, şol sanda bronly awtoulaglar kuwwatlylygy, hereket tizlikleri we ýokary geçirijiligi bilen tapawutlanýar hem-de eziz Watanymyzyň dürli ýerlerinden geçýän Döwlet serhedimiziň ygtybarly goragyny üpjün etmekde netijeli ulanylýar. “Türgen – 2017” atly tälim-okuw türgenleşiginiň maksatnamasyna laýyklykda, harby gullukçylar bikanun ýaraglanan toparlary ýok etmek babatda öz hünär ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler. Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýörite maksatly düzümleri sazlaşykly hereketleri bilen tapawutlanyp, islendik garşydaşa berk gaýtawul bermäge bolan ukybyny nobatdaky gezek äşgär etdiler.
Tälim-okuw türgenleşikleri tamamlanandan soň, döwlet Baştutanymyz türkmen topragynda parahatçylygyň we asudalygyň esaslaryny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen harby özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmelidigini belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Serhet institutynyň meýdançasyna geldi we onuň ýolbaşçylarynyň haýyşy boýunça milli Liderimiziň şu günki nyşana ok atmak boýunça has oňat netijelerini görkezýän nyşana gol goýdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde welosipedde “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady. Ýolugra milli Liderimiz sürüjiler we ýolagçylar üçin zerur şertleriň döredilmeginiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz we welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Goranmak ministrliginiň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň edara binasynyň ýanynda saklandylar. Şol ýerde halkymyzyň taryhynda şöhratly yz goýan beýik serkerde Alp Arslanyň ýadygärligi ýerleşýär. Bu ýerde milli Liderimiz şu günki çäreleriň netijeleriniň jemini jemledi. Hormatly Prezidentimiz döwletimiziň harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şahsy düzümleriň ýokary netijeli gulluklary we döwrebap ýaşaýyş-durmuşy üçin şertleri döretmek barada yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, hemmelere alyp barýan jogapkärli işlerinde üstünlik arzuw etdi we bu ýerden ugrady.