Ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary dowam edýär. Tabşyrylan resminamalar şu ýyl okuwa dalaş edýänleriň sanynyň köpdügini görkezýär. Täze açylan Jemagat hojalygy instituty bu görkezijide öňde barýar. Onda bir ýere 7 dalaşgär bar. Bu ýokary okuw mekdebiniň dalaşgärleri Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynda synag tabşyrýarlar. Täze institutda gurluşyk we binagärlik; tehnologik maşynlar we enjamlar; energetika; dizaýn; pudagyň kärhanalarynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; ýaşaýyş-durmuş howpsuzlygy, tebigaty abadanlaşdyrmak we daşky gurşawy goramak; kompýuter tehnologiýalary ýaly ýedi ugurdan hünärmenler taýýarlanar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby bolmaga höweseklerem kän. Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda hem bir ýere 6 adam dalaş edýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynda hem bir ýere 4 dalaşgär bar.
Eýýäm giriş synaglary başlanan orta hünär okuw mekdeplerinde bir ýere ortaça üç adam dalaş edýär. Daşoguzyň, Marynyň we Türkmenabadyň orta lukmançylyk mekdepleri hem köp dalaşgärlidir. Mugallymçylyk orta mekdeplerinde okamaga-da höwesekler kän. Synaglar hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdeplerinden başgalarda 22-nji awgustda tamamlanar.