Fransiýanyň Lion şäherinden 30 kilometr uzaklykdaky Wýennada arheologlar oňat saklanyp galan gadymy rim şäheriniň bir bölegini ýüze çykardylar diýip, “The Guardian” habar berýär. Barlag geçirijiler bu ýeri abat saklanyp galanlygy üçin “Kiçi Pompei” diýip atlandyrdylar. Bu tapyndy Rim Imperiýasy bilen baglanyşykly soňky 40-50 ýylyň iň möhüm açyşy hasaplanýar. Wýenna şäherinde rim teatry we ybadathanasy ýerleşýär. Bu şäher demirgazykdaky Galliýadan Fransiýanyň günortasyndaky rim welaýaty Narbon Galliýasyna çenli söwda ýolunda iň möhüm ýer hasaplanypdyr.
Ýüze çykarylan ýer, takmynan, 7000 inedördül meýdany eýeläp, şäher şertlerinde oňaýly ýer bolupdyr. Bu şäherjikde biziň eýýamymyzyň I asyry bilen senelenýän jaýlar göze ilýär. Adamlaryň bu jaýlarda 300 ýyla golaý ýaşap, emele gelen ýangyn sebäpli bu mekany taşlamaga mejbur bolandyklary çak edilýär.
Saklanyp galan gurluşlaryň arasynda hudaýlaryň şekilleri bilen zynatlanan mozaik pol akylyňy haýran edýär. Ýangyn zerarly birinji gat, üçek we eýwan weýran bolupdyr, ýöne suw üpjünçilik ulgamy, agaç germewler we diwaryň galyndylary oňat saklanyp galypdyr. Bu jaýyň baý söwdagäre degişli bolanlygy çak edilýär. Beýleki bir jaýdaky mozaikada bolsa, grek mifologiýasynda sungata we ylma hemaýat edýän hudaýlar şekillendirilipdir. Arheologlar ähli mozaikalary hiç hili zeper ýetirmän goparyp aldylar we olary Wýennadaky Gallo-Rim medeniýeti muzeýinde goýmagy meýilleşdirýärler. Ýene-de bir täsin tapyndylaryň biri bolsa, gadymy bazaryň ýerinde gurlan Gerkulesiň heýkeli bilen zynatlanan uly jemgyýetçilik binasydyr. Gadymyýeti öwrenijileriň pikirine görä, bu ýerde pelsepe mekdebiniň bolan bolmagy ähtimaldyr. Aprel aýynda başlan gazuw-agtaryş işlerini sentýabryň ortasynda tamamlamagy meýilleşdirýärler, ýöne Fransiýanyň hökümeti ony dowam etdirmeli diýen karara geldi.