Transfer möwsüminiň ilkinji günlerinden başlap “Barselonanyň” braziliýaly ýyldyzy Neýmaryň Fransiýanyň PSŽ klubuna geçýändigi baradaky habarlar birjigem ünsden düşürilmedi. Ine-de bu günki günde bu habar hakykat ýüzünde öz beýanyny tapdy.
Köpler ony dünýäniň iň uly 2klubunyň birini terk edýändigi üçin ýazgarsa-da, köpler onuň hakykatdanam dogry edendigini belleýärler. Netijede, kim näme diýse-de, katarly işewürleriň eýeçiligindäki PSŽ kluby 25 ýaşly Neýmary öz düzümine goşdy. Fransuz topary Neýmaryň transferi üçin “Barselona” 222 million ýewro berer. Bu mukdaryň şeýle uly bolmagynyň sebäbi Neýmar bilen “Barselonanyň” arasyndaky şertnamada “222 million ýewro tölän bu oýunçyny alyp biler” diýen ýazgynyň bolmagydyr. Bu görkeziji rekorda deňdir. Şeýlelikde, PSŽ Neýmar bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy we oýunçynyň özüne-de her ýyly üçin 45 million ýewro hak tölemäge borçlandy. Umuman alnanda, bu oýunçynyň PSŽ üçin çykdajysy 400 million ýewrodan hem köpdür.