Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, ýadawsyz zähmeti bilen pederlerimizden miras galan seýisçilik sungaty täze uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda atçylyk sportunyň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlaryň, gözellik bäsleşikleriniň we beýleki abraýly halkara forumlarynyň geçirilmegi, türkmen jigitleriniň at üstündäki täsirli oýunlary ahalteke bedewiniň şöhratyny täzeden dünýä doldurdy. Türkmenistanda soňky ýyllarda gamyşgulak bedewlerimiziň şanyna tutulýan toýlaryň dabarasy öňkülerden has tutumly.
Ýurdumyzda atçylyk pudagynyä sazlaşykly ösdürilmegine halkara hyzmatdaşlygyna giň orun berilýär. Milli liderimiz dünýäde atçylyk sungaty we sporty babatda gazanylan tejribäni öwrenmäge ähmiýet berýär. Şonuň üçin her ýyl türkmen bedewiniň baýramynyň gerimi uludan tutulýar. Onuň çäklerinde halkara derejesinde dürli çäreler geçirilýär.
Bedew baýramçylygynyň geçirilýän günlerinde paýtagtymyz Aşgabat, gadymy Ahal ýaýlasy barha görklenýär. Mähriban diýarymyz türkmen bedewiniň şanyna uludan tutulýan dabara mynasybetli daşary ýurtlardan gelýän ýüzlerçe myhmany garşylady.
Baýramçylyk dabaralarynyň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabatda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VIII halkara maslahaty hem-de sergi-ýarmarkasy geçirildi. “Türkmen atlary” döwlet birleşigi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilen sergi-ýarmarkasyna dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 100-den köp kompaniýalaryň we ýurdumyzyň atçylyk düzümleriniň wekilleriniň köpsanlysy gatnaşdy. Sergide Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gollandiýanyň, Çehiýanyň, Hindistanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Ukrainanyň, Belarusyň we beýleki ýurtlaryň belli kompaniýalary atçylyk ulgamyndaky gazananlaryny görkezdi. Olaryň köpüsiniň ilkinji gezek gatnaşýandygyny hem bellemek gerek.
Sergide atçylyk ulgamy boýunça ähli ugurlar beýan edildi. Olaryň hatarynda atçylyk sporty, tohumçylyk işi, at çapyşyklary, atşynaslyk, weterinar gullugy, at esbaplary, olaryň iými we goşundylary, weterinar serişdeler, athanalar üçin enjamlar, çapyksuwarlaryň lybaslary we aýakgaplary, sportuň dürli görnüşleri üçin niýetlenen enjamlar, atlara niýetlenen demir önümler bar. Şeýle hem sergide bezegçileriň, suratkeşleriň we dürli ýurtlardan gelen fotosuratçylaryň bedewlere bagyşlanan işleri, dürli sowgatlyklar görkezildi.
Dünýäniň onlarça ýurdundan köp sanly wekilleriň gatnaşmagynda guralan sergi we ýöriteleşdirilen maslahat ýurdumyzda atşynaslyk ulgamynyň üstünlikleri hakyndaky maglumatlaryň wagyz edilmegine, işewür we ylmy gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, Türkmenistanda bedewleri köpeltmek hem-de seýislemek ugruna täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir. Bu çäre ahalteke bedewleriniň at owazyny dünýä ýaýmagyň, türkmen seýisleriniň we çapyksuwarlarynyň ýeten derejesini görkezmegiň netijeli guralyna öwrüldi.
Milli bedew baýramçylyklaryny, çapyşyklary we atçylyk sporty boýunça guralýan çäreleri äşgär edýän gollanmalar, görkezilýän wideofilmler serginiň maglumat ulgamynyň üstüni ýetirýär. Atçylyga degişli serişdeler we dürli görnüşdäki at esbaplary sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.
Milli liderimiziň ahalteke bedewlerine bagyşlan kitaplary hem-de beýleki neşir önümleri, surat eserleri, bedewleriň heýkelleri we olara bagyşlanan surat eserleri sergide aýratyn orun eýeleýär. Şeýle hem sergide ýurdumyzda atçylyk sportuny we atly gezelençleri guramagy ösdürmegiň geljekki ugurlaryna göz ýetirmäge mümkinçilik berýän maglumatlar bar.
Türkmenistanyň ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlary sergi-ýarmarkanyň özboluşly bezegine we gaýtalanmajak dabarasyna öwrüldi. Ahalteke bedewlerine atlanan ýigitleriň we gyzlaryň özboluşly çykyşlary ýarmarka gatnaşyjylarda we onuň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Sergi toplumynyň ýanaşyk ýerinde, açyk asmanyň astynda guralan athanalarda ajaýyp ahalteke bedewlerini synlamak mümkinçiligi döredildi.
Türkmen bedewleriniň şekili janlandyrylan surat eserleri sergide görkezilýän gymmatlyklaryň üstüni ýetirdi. Ýöriteleşdirilen at esbaplaryny, serişdelerini, haly we zergärçilik önümleriniň, amaly-haşam sungatynyň naýbaşylary hasaplanýan bezeg şaýlarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan türkmen telekeçileriniň bölümleri özüne çekiji boldy. Türkmen zergärleriniň işleri gaýtalanmajak gözelligi bilen tapawutlanýar. Olarda ussat zergärleriň “behişdi bedewleriň” gözelligine gözellik goşýan nepis şaýlarynyň ýany köp adamly boldy. Olarda baharda bellenilýän baýramçylyk dabaralarynyň ähli öwüşginleri äşgär duýuldy.