öp taryhçylar gadymy rim galalarynyň iň ýokary berklige eýedigini belläp geçýärler. Bu ugurda iş alyp barýan amerikan alymlary näme üçin birnäçe asyr mundan öň gurlan binalaryň biziň günlerimize çenli abat galandygyny anyklamagy ýüregine düwdüler.
Görüp otursalar, bu mäkäm betonyň düzüminde al-tobermorit diýlip atlandyrylýan özboluşly düzüm bar eken. Hut şu närse hem semente güýçli mäkämlik berýän eken. Gadymy rimlileriň wulkan külüne, heke deňziň suwuny garanlygy üçin onda al-tobermorit kristallarynyň ýüze çykan bolmagy mümkin.
Bu kristallar iň berk düzümler bolup, beton onlarça esse berk bolýar we netijede, gadymy dünýäde gurlan binalar biziň günlerimize çenli abat saklanyp galypdyr. Alymlar bu ugurdaky açyşlarynyň häzirki zaman gurluşyk materiallaryny öndürijilere ýardam berjekdigine ynanýarlar.