Ast­ro­nom­lar «Ak­ma­ýa­nyň ýo­ly» ga­lak­ti­ka­sy­nyň da­şyn­da öz or­bi­ta­syn­da aý­lan­ýan tä­ze ga­lak­ti­ka­nyň üs­tü­ni aç­dy­lar. Onuň ga­lak­ti­ka­nyň bi­ziň ga­lak­ti­ka­myz bi­len ýa­na­şyk­dy­gy aý­dyl­ýar. Bi­ziň­ki ýa­ly äpet ga­lak­ti­ka­lar beý­le­ki ki­çi ga­lak­ti­ka­la­ryň go­şul­ma­gy bi­len has hem ulal­ýar. Uly ga­lak­ti­ka­nyň go­la­ýyn­da­ky ki­çi ga­lak­ti­ka­lar ola­ryň edil hem­ra­sy ýa­ly bol­ýar. Edil Aýyň Ýe­riň hem­ra­sy bol­şy ýa­ly, ki­çi ga­lak­ti­ka­lar hem ulu­la­ryň hem­ra­sy bol­ýar. Ýag­ny kos­mos gi­ňiş­li­gin­dä­ki ki­çi ga­lak­ti­ka­lar, pla­ne­ta­la­ryň Gü­nüň ýa-da öz ýyl­dy­zy­nyň, hem­ra­la­ryň öz pla­ne­ta­sy­nyň da­şyn­dan aý­la­ny­şy ýa­ly uly ga­lak­ti­ka­la­ryň da­şyn­dan aý­lan­ýar.
Hä­zi­re çen­li «Ak­ma­ýa­nyň ýo­lu­nyň» da­şyn­dan 44 sa­ny ga­lak­ti­ka­nyň aý­lan­ýan­dy­gy anyk­lan­dy. Onuň iň ulu­sy­nyň ady­na “Sa­git­ta­ri­us” di­ýil­ýär. Kemb­rij uni­wer­si­te­ti­niň hü­när­men­le­ri go­laý­da biz­den 380 müň ýag­ty­lyk ýy­ly uzak­lyk­daky tä­ze ga­lak­ti­ka­nyň üs­tü­ni aç­dy­lar. Gab­ri­el Tor­re­al­ba­nyň ýol­baş­çy­lyk ed­ýän yl­my to­pa­ry­nyň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­na gö­rä, bu ga­lak­ti­ka «Ak­ma­ýa­nyň ýo­lu­nyň» hem­ra­la­ry­nyň ara­syn­da ulu­ly­gy ba­bat­da dör­dün­ji or­na ýer­leş­di. “Cra­ter 2” ady ber­len ga­lak­ti­ka­nyň kä­bir ýyl­dyz­la­ry­ny Ýer­den te­les­kop­syz hem gör­mek müm­kin.

Çä­gi nä­dip öl­çel­ýär?!
Ga­lak­ti­ka­la­ryň kö­pü­si­niň çä­gi anyk bel­li däl. Şo­nuň üçin ast­ro­nom­lar ola­ry öl­çe­mek üçin dür­li usul­lar­dan peý­da­lan­ýar. Bu usul­la­ryň bi­rin­de onuň iň ýal­dy­ra­wuk ýe­rin­den baş­lap, yşy­gyň iň soň­ky çä­gi­ne çen­li ara­ly­gyň ýa­ry­sy onuň çä­gi ha­sap­lan­ýar. Bu ha­sa­ba gö­rä, “Cra­ter 2”-niň çä­gi­niň 7 müň ýag­ty­lyk ýy­ly­na ba­ra­bar­dy­gy anyk­lan­dy. Ge­çi­ri­len yl­my bar­lag­la­ryň ne­ti­je­sin­de, üs­ti tä­ze açy­lan ga­lak­ti­ka­nyň soň­ky on ýyl­da anyk­la­nan­la­ryň ara­syn­da iň köp ýag­ty­lyk saç­ýa­ndy­gy we onuň ýaý­rad­ýan ýag­ty­ly­gy­nyň Gün­den 160 müň es­se köp­dü­gi anyk­lan­dy.

Tap­mak aň­sat bol­ma­dy
Ga­lak­ti­ka­nyň için­dä­ki ýyl­dyz­la­ryň we ýyl­dyz ul­gam­la­ry­nyň bir-bi­rin­den üz­ňe bol­ma­gy, has dog­ru­sy, mad­da dy­kyz­ly­gy­nyň pes bol­ma­gy ony anyk­la­mak üçin has köp wagt alyp­dyr. Ol ga­lak­ti­ka­my­za bar­ha ýa­kyn­laş­ýar we anyk­lan­ma­gy has hem kyn­laş­ýar­. Tor­re­al­ba bu hem­ra­nyň hem ýe­ke däl­di­gi­ni çak­la­ýar. Onuň go­la­ýyn­da üç sa­ny ýyl­dyz­lar top­lu­my bar. Olar hem bi­ziň ga­lak­ti­ka­my­zyň çä­gi­ne go­laý­laş­ýar we wag­tyň geç­me­gi bi­len oňa go­şu­lyp gi­der.