Dün­ýä­niň iň ga­dy­my ki­no fes­ti­wa­ly bo­lan We­ne­si­ýa film şü­we­le­ňin­de bäs­leş­jek ek­ran eser­le­ri mä­lim edil­di. Öň­de­ba­ry­jy film fes­ti­wal­la­ry­nyň bi­ri diý­lip gör­ke­zil­ýän We­ne­si­ýa ki­no şü­we­le­ňi bu ýyl 74-nji ge­zek ge­çi­ril­ýär. 30-njy aw­gust­da baş­lap, 9-njy sent­ýabr­da ta­mam­lan­jak fes­ti­wal­da baş baý­rak bo­lan “Al­tyn ýol­bars” ug­run­da 21 film sa­na­wa alyn­dy. Ola­ryň ara­syn­da bel­li re­žiss­ýor­la­ryň ki­no­la­ry-da bo­lup, şol film­le­re ba­ha ber­jek emin­ler to­pa­ry­na 4 ge­zek Os­ka­ryň da­laş­gä­ri, ame­ri­ka­ly meş­hur akt­ri­sa Annet­te Be­ning baş­tu­tan­lyk eder. Emin­ler to­pa­ryn­a-da weng­ri­ýa­ly re­žiss­ýor hem sse­na­ri­çi Il­di­ko En­ýe­di, mek­si­ka­ly re­žiss­ýor Mi­çel Fran­ko, iň­lis akt­ri­sa­sy Re­bek­ka Holl, fran­si­ýa­ly akt­ri­sa An­na Mug­la­lis, awst­ra­li­ýa­ly ki­no bi­ler­me­ni De­wid Strat­ton, ita­li­ýa­ly akt­ri­sa Jas­min Trin­ka, ang­li­ýa­ly re­žiss­ýor Ed­gar Raýt hem-de gon­kong­ly ki­no­çy Ýon­fan ýaly belli şahsyýetler çagyryldy. 12 gün­läp do­wam et­jek fes­ti­wal­da Dar­ren Ara­nofs­ki­niň “Mot­her!”, Ab­del­la­tif Ke­şi­şiň “Mek­to­ub, My Love: Can­to Uno”, Gil­ler­mo Del To­ro­nyň “The Sha­pe of Wa­ter”, Jorj Klu­ni­niň “Su­bur­bicon” hem-de açy­lyş da­ba­ra­syn­da-da gör­ke­zil­jek Alek­san­der Peý­niň “Down­si­zing” film­le­ri baş baýragyň esa­sy da­laş­gärleri ha­sap­lan­ýar.