Uk­rai­na­ly meş­hur boks­çy, agyr ag­ra­m derejesiniň ozal­ky çem­pio­ny Wla­di­mir Kliç­ko kar­ýe­ra­sy­ny ta­mam­lan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. 41 ýa­şyn­da­ky boks­çy: – In­di sport­dan soň­ky 2-nji kar­ýe­ra­ma baş­la­mak is­le­ýä­rin. Uzak wagt­lap we ba­şar­nyk­dan, ýe­ňiş­den do­ly kar­ýe­ra özü­mem ga­ra­şa­mok­dym. Mu­nuň üçin ga­ty min­net­dar – di­ýip, so­si­al me­dia ul­ga­my ar­ka­ly bok­sy taş­lan­dy­gy­ny aýt­dy. Dün­ýä Boks Bi­le­le­şi­gi­niň (WBO), Dün­ýä Boks Gu­ra­ma­sy­nyň (WBO), Hal­ka­ra Boks Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň (IBF) hem-de Hal­ka­ra Boks Gu­ra­ma­sy­nyň (IBO) çem­pi­on­lyk ke­mer­le­ri­ni ga­za­nan Kliç­ko hä­zi­re çen­li 21 ýyl­lyk sport ýo­lun­da 69 ge­zek du­şu­şyk ge­çir­di. Ol şol du­şu­şyk­la­ryň 5-sin­de ýeň­li­şe se­ze­war bo­lup, 54-sin­de no­ka­ut bi­len ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol 2 ýyl mun­dan ozal, 28-nji çem­pi­on­lyk du­şu­şy­gyn­da ang­li­ýa­ly Taý­son Fýu­ri­den ýeň­lip, ke­me­ri­ni el­den gi­de­rip­di. Kliç­ko şu ýy­lyň maý aýyn­da-da Lon­don­da­ky “Wemb­li” sta­dio­nyn­da 90 müň jan­kö­ýe­riň şa­ýat­ly­gyn­da baş­ga bir ang­li­ýa­ly boks­çy An­to­ni Jo­şua­dan 11-nji raund­da no­kaut bi­len as­gyn ge­lip­di. Şeý­le­lik­de, Kliç­ko­nyň şu ýy­lyň no­ýabr aýyn­da Jo­şua bi­len ge­çir­jek hak­la­şyk tut­lu­şy­gy-da ýa­ty­ryl­dy.