Hal­ka­ra Olim­pi­ýa Ko­mi­te­ti (IOC) 2024-nji we 2028-nji ýyl­lar­da­ky to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň haý­sy şä­her­ler­de ge­çi­ril­jek­di­gi­ni ha­bar ber­di. Şun­luk­da, iki şä­he­riň öza­ra yla­la­şy­gy ne­ti­je­sin­de, 2024-nji ýyl­da­ky Olim­pia­da Pa­riž­de (Fran­si­ýa), 2028-nji ýyl­da­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry-da Los An­je­les­de (ABŞ) ge­çi­ri­ler. Mä­lim bol­şy ýa­ly, iki şä­her hem 2024-nji ýyl­da­ky Olim­pia­da­ny gu­ra­mak üçin da­laş­gär bo­lup­dy. Ge­çi­ri­len köp ta­rap­ly gep­le­şik­ler­den soň, 2 şä­he­rem yla­laş­dy we spor­tuň iň uly çä­re­si­ni il­ki Pa­riž, soň­ra-da Los An­je­les gu­rar. Iki şä­her­de-de to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry 3-nji ge­zek ge­çi­ri­lip, bu­lar­dan öň Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň paý­tag­ty Lon­don şä­he­ri Olim­pia­da­ny 3 sa­par ka­bul edip­di. Mun­dan ozal, Pa­riž şä­he­rin­de 1900-nji we 1924-nji ýyl­lar­da, Los An­je­les­de-de 1932-nji hem-de 1984-nji ýyl­lar­da to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ri­lip­di. Fran­si­ýa­nyň paý­tag­ty la­ýyk 100 ýyl­dan soň ýe­ne-de Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny ka­bul eder. Mä­lim bol­şy ýa­ly, 2020-nji ýyl­da­ky to­mus­ky Olim­pia­da Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty To­kio­da ge­çi­ri­ler.