Dünýä Ralli çempionatynda (WRC) möwsümiň 9-njy bäsleşigi Finlýandiýada geçirilip, onda ýer eýesi hökmünde çykyş eden Esapekka Lappi ýeňiş gazandy. “Toyota GAZOO Racing” toparynyň fin piloty 25 tapgyrdan ybarat 314,20 kilometrlik ýaryşy 2 sagat 29 minut 26,9 sekuntda tamamlady. Bu onuň karýerasyndaky ilkinji ýeňşidir. Ondan 30 sekunt soň pellehanadan geçen “M-Sport” (“Ford”) toparyndan Beýik britaniýaly Elfin Ewans 2-nji ýeri eýeledi. Ýeňijiniň topardaşy hem watandaşy Ýuho Hanninen 3-nji bolup pellehanadan geçdi. Dünýä Ralli çempionatynda 9 ýaryşdan soň, umumy sanawda çempionlyk ýaryşy has-da gyzyşýar. Finlýandiýa Rallisinde 6-njy ýeri eýelän Tierri Noýwill utugyny 160-a ýetirip, sanawyň täze lideri boldy. 160 utukly Sebastian Ožie 2-nji orna düşdi. Estoniýaly Odd Tanak 119 utuk bilen 3-nji, 114 utukly Ýari-Matti Latwala 4-nji hatarda barýar. Möwsümiň indiki ýaryşy 18-nji awgustda Germaniýada geçiriler.