Parahatsöýüjilik hem-de işjeň halkara hyzmatdaşlygyna ýugrulan daşary syýasat ugruna berk eýerýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 8-9-njy awgustynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran resmi sapary uly üstünliklere beslendi. Gojaman Hazar deňziniň her iki kenaryny boýlap oturan Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky özara bähbitlilik, dostluk we doganlyk ýörelgelerine esaslanan ikitaraplaýyn gatnaşyklar strategik derejä çykaryldy. Muňa milli Liderimiziň bu doganlyk ýurda amala aşyran sapary doly aýdyňlygy bilen şaýatlyk etdi.
Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň çagyrmagy boýunça doganlyk ýurtda resmi saparda boldy. Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” kabulhanasynda resmi taýdan garşy alyndy. Bu ýerde ýokary derejede ikiçäk görnüşde türkmen-azerbaýjan gepleşikleri geçirildi.
Prezident Ilham Aliýew türkmen kärdeşini Bakuwda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň Baştutanynyň Azerbaýjana şu saparyna däp bolan döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim hökmünde uly ähmiýet berilýändigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Azerbaýjana resmi sapar bilen gelmäge çakylygy hem-de mähirli kabul edilendigi üçin azerbaýjan Liderine minnetdarlyk bildirip, goňşy döwletler bilen netijeli, dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Häzirki döwürde türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary täze derejä çykarylýar hem-de syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Milli Liderimiz ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklar meselesine degip geçip, iki ýurduň hem ägirt uly kuwwata eýe bolmak bilen, dürli ugurlarda, şol sanda sebit hem-de halkara ähmiýete eýe bolan energetika we ulag ulgamlarynda iri taslamalary durmuşa geçirýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Prezident Ilham Aliýewe ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikler arzuw edip, Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy hem-de Azerbaýjanyň doganlyk halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar sebit we halkara syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi. Onda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň giň meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, häzirki ýagdaýa we geljek babatda hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna üns berdiler. Iki ýurduň Liderleri netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi hökmünde däp bolan ynsanperwer-medeni gatnaşyklary höweslendirmegiň ähmiýetini nygtadylar. Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Jarnama gol çekdiler.
Bu möhüm resminama döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açyp, taraplaryň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna, deňhukuklylyk hem-de özara hoşmeýilli erk-islege daýanyp, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.
Soňra döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda köp sanly ylalaşyklara gol çekildi. Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soň, iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Iki ýurduň döwlet Baştutanlary türkmen-azerbaýjan gepleşikleriniň jemlerine ýokary baha berip, döwletleriň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de has-da işjeňleşdirmegiň anyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşandyklaryny belläp geçdiler.
Milli Liderimiz Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň çäklerinde bu ýurduň premýer-ministri Artur Rasizade we azerbaýjan parlamentiniň ýolbaşçysy Oktaý Asadow bilen duşuşdy.
Azerbaýjan Respublikasyna bolan resmi saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz häzirki zaman Bakuwyň nyşanlarynyň biri bolan Geýdar Aliýew merkezine baryp gördi.
Döwlet Baştutanymyz Azerbaýjan Respublikasyna resmi saparyny tamamlap, ýurdumyza dolandy we Halkara howa menziliniň mejlisler zalynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna bolan resmi saparynyň jemlerine, “Aşgabat 2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyk, 17-nji awgustda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli guralmagy meýilleşdirilýän çäreleriň maksatnamasyna degişli meseleler girizildi.
Milli Liderimiz Bakuwda geçirilen ýokary derejedäki türkmen-azerbaýjan gepleşikleriniň üstünlikli we netijeli häsiýete eýe bolandygyny kanagatlanma bilen belledi. Giňişleýin göçme mejlisiň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hormatly Prezidentimize ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki ugurlaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda ýangyç-energetika pudagynda hem-de söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň geljegine degişli sowallar bilen ýüzlendiler.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan we Azerbaýjan energetika döwletleri hökmünde öňdäki orunlary eýelemek bilen, Hazarýaka giňişliginiň Ýewraziýada durnuklylygyň, ösüşiň hem-de giň halkara hyzmatdaşlygynyň çägine öwürmek ugrunda çykyş edýärler. Energetika bolsa örän uly orny eýeleýär – munuň özi ykdysadyýetde hem, howpsuzlykda hem, ekologiýada hem, şeýle-de durmuş ugrunda, diplomatiýada hem şeýledir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Şu ýylyň alty aýynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleri geçen ýylyň degişli döwründäkiden 40 göterim ýokary boldy. Munuň özi bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijelidiginiň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.
Türkmen gawunynyň gününiň 17-nji awgusta geçirilmegi baradaky çözgüdiň kabul edilmegi bilen bagly sowala jogap bermek bilen döwlet Baştutanymyz baýramçylyk däp-dessurlarynyň milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygyny, asylly däbe görä, biziň ýurdumyzda islendik baýramçylykda myhmanlaryň milli süýji tagamlar bilen garşylanýandygyny nazara almak bilen, bu abadançylyk hem-de ösüş baradaky hoşniýetli arzuw-islegleriniň alamatydyr diýip düşündirdi. Gawun bolsa örän islegli süýji nygmatdyr. Hut şonuň üçin biz bakja ekininiň soltanynyň baýramçylygyny “Aşgabat 2017” oýunlarynyň badalga almagyna 30 günüň galmagy mynasybetli dabaralar bilen utgaşdyrmak kararyna geldik. Oýunlaryň başlanmagyna 30 günüň galmagy mynasybetli guralýan çäreleri bu baýram bilen utgaşdyrmak baradaky çözgüdiň kabul edilmegi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Munuň özi pederlerimiziň şöhratly däplerine ygrarlydygymyzyň nobatdaky subutnamasydyr. Şol gün türkmen milli tagamlarynyň we V Aziýa oýunlaryna gatnaşýan 64 döwletiň milli tagamlarynyň halkara sergisiniň, gala-konsertiň guralmagy ýurdumyzyň öňde boljak iri sport çäresine taýýardygyny görkezýär, diýip hormatly Prezidentimiz belledi.