Bu günler halkymyzyň şan-şöhraty hasaplanýan, çeýe bedew atlarymyza atlanyp, türkmen topragyny obama-oba, şäherme-şäher aýlanyp ýören ýigitler Mary welaýatynda ýörişini dowam etdirýärler. Atly ýörişe gatnaşýan ýigitler geçen ýylyň maý aýynda şu ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli Gadymy Nusaý galasyndan ýola düşüpdiler.
Olar gözel Watanymyzyň ençeme taryhy, medeni ýadygärliklerini görüp, tebigatyň peşgeş beren gözelliklerini synlap, jana şypaly tenekar howamyzdan ganyp, halkara derejeli sport baýramyna barha ýakynlaşýarlar. Halkymyzyň dünýä ýüzünde tanalmagynda bahasyna ýetip bolmajak taryhy tapyndylary goýnunda saklaýan Mary topragy bu gün ýene-de toý-dabara beslenýär. Sebäbi bu ýerde ýerleşýän gadymy Daňdanakan şäherinden tapylan tapyndylar, aýratyn hem, türkmen alabaý itiniň şekiljigi halkymyzyň şöhratly adyny ýene-de arşa göterýär.
Golaýda Pendi ýaýlasynda menzil yzyna, menzil aşýan merdana atly ýigitlerimiz ýurdumyzyň günortasyndaky Tagtabazar etrabynyň merkezine ýetdiler. Tagtabazar şäherçesiniň girelgesinde uludan toý tutuldy. Atly ýigitleri bu ýere ýygnanan mähelle we etrabyň bagtyýar ýaşaýjylary güler ýüz, yssy mähir, duz-çörek bilen garşylady. Bu ýerde giň gerim berlen dabaralar tutumly toýa şowhun berdi. Belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, tanslar türgenleriň görkezme çykyşlary bilen utgaşdy. Myhmanlar “Gadymy Merw” taryhy medeni döwlet goraghanasynyň Tagtabazar etrabynyň çägindäki “Ýeke gowak” diýlip atlandyrylýan taryhy ýadygärlige-de baryp gördüler.
Pendi ýaýlasyny külterläp barýan atly ýörişe gatnaşyjy ýigitler baýlyk-bereketli, rysgally çölümiz bilen öz ýollaryny ruhubelentlik bilen dowam etdirýärler. Olar bizi barha golaýlaşýan “Aşgabat 2017”-niň oýunlary bilen duşurmaga öňe barýarlar.