V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komiteti CNPC korporasiýasynyň hem-de “Hyundai Engineering” kompaniýasynyň “Aşgabat 2017” oýunlaryna resmi hyzmatdaş hökmünde gatnaşjakdygyny buýsanç bilen yglan etdi.
“Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy” (CNPC) Hytaýyň esasy we iň uly nebit-gaz öndürijisi hem-de üpjünçisidir. Onuň esasy maksady köpçüligi energiýa çeşmesi bilen üpjün etmekdir we şol birwagtyň özünde önümçiligiň deňagramly ösüşi we daşky gurşawyň howpsuzlygy üçin ähli zerur şertleri döretmekdir.
Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýew CNPC hem-de «Hyundai Engineering» kompaniýalarynyň resmi hyzmatdaş hökmünde Oýunlara goşulýandygyny buýsanç bilen nygtap, dünýä ýüzünde giňden tanalýan kompaniýalaryň “Aşgabat 2017” toparynyň agzasy bolmagy “Aşgabat 2017”-niň giň gerimlidiginiň we Oýunlaryň ýokary derejede geçjekdiginiň aýdyň subutnamasydygyny belledi.
Hytaý kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasynyň Baş müdiri Li Shuliang bolsa, “Aşgabat 2017”-niň geçirilmegi Türkmenistanyň bütindünýä sport hereketine ägirt uly goşant goşýandygynyň subutnamasy bolup, ýokary derejede geçirilýän halkara sport ýaryşynyň bir bölegi boljakdygymyz biz üçin örän tolgundyryjydyr diýip nygtady.
“Hyundai Engineering” kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji müdiri Sun Sanrok şeýle belledi: “Aşgabat 2017 oýunlary Aziýanyň we Okeaniýanyň wekillerini bir ýerde jemlejek sport baýramçylygy bolar. Ajaýyp şäher Aşgabatda geçirilýän çäräniň gymmatlyklaryny, ýagny goňşy döwletler bilen sporta bolan höwesi paýlaşmak we gatnaşyklary sazlaşykly saklamak Oýunlaryň resmi hemaýatkäri hökmünde goldamak biziň üçin uly abraýdyr ”.