Türkiýäniň Çanakgala welaýatynda özboluşly bürünç galam ýüze çykaryldy. Gadymyýeti öwrenijileriň hasaplamalaryna görä, onuň ýaşy 1800 ýyla barabar. Bürünçden edilen galam gadymy grek şäheri Assosdan ýüze çykaryldy. Bu galam irki adamlaryň hat-petek işlerinde ulanylypdyr. Arheologlar bu galamyň okuwçylara hat ýazmak we okamak öwredilende ulanylandygyny çak edýärler. Has takygy, şeýle galamlar, täjirler hem-de öz hojaýynlarynyň pikirini ýazga geçirýän kätipler tarapyndan hem ulanylypdyr.
Mundan ozal, arheologlaryň Kerçen köprüsiniň gurluşygynda gadymy heýkeliň parçasyny tapandyklaryny mälim edipdiler. Alymlar gyzylymtyl-goňur reňkli bu heýkeliň gadymy grek hudaýlarynyň heýkeliniň bir bölegi bolmaly diýen çaklamany öňe sürüpdiler.