Fransiýanyň awtoulag konserni “Renault” bilen Eýran Yslam Respublikasynyň senagat ösüşi boýunça edarasynyň arasynda köp millionlyk ylalaşyga gol çekildi. Bu resminama laýyklykda, Eýranda “Renault Duster” hem-de “Renault Symbol” kysymly ulaglar öndüriler. Munuň üçin 600 million ýewro möçberinde maýa goýum özleşdiriler.
Fransuz kompaniýasy Eýranyň degişli edarasy bilen bilelikde, önümçilik kärhanasyny döreder. Bu ylalaşyga Eýranyň “Negin Holding” hususy kompaniýasy hem goşulýar. Kärhanada bir ýylyň dowamynda 150 müň awtoulag öndürmek göz öňünde tutulýar.
– Biz Eýran tarapy bilen ylalaşyga gol çekendigimize örän şat. Bu bilelikdäki kärhana Eýrandaky önümçiligimiziň ýokarlanmagyna mümkinçilik berer – diýip, fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçylaryndan Týerri Bollere gürrüň berýär.
Häzirki wagtda “Renault Group” kompaniýasynyň Eýrandaky önümçilik kuwwaty bir ýylda 200 müň ulaga deňdir. Metbugat neşirleriniň habar bermegine görä, fransuz kompaniýasynyň hyzmatdaşlykdaky paýy 60 göterime deň bolar. Galan 40 göterimini Eýranyň kompaniýalary bölüşerler. Täze taslama boýunça 3 müň täze iş orny dörediler. Bilelikdäki kärhanadaky önümçilige 2018-nji ýylda girişmek göz öňünde tutulýar we bu ylalaşyk Eýranyň awtoulag önümçilik taryhyndaky iň uly geleşik bolar.