Ady: “Wind River”
Re­žiss­ýo­ry: Teý­lor Şe­ri­dan
Keşp­ler­de: Je­re­mi Ren­ner, Eli­za­bet Ol­sen,
Gil Bir­min­gem, Jon Bern­tal, Ju­lia Jons, Kel­si Çow
Sse­na­ri­çi: Teý­lor Şe­ri­dan
Prod­ýu­ser­le­ri: Eli­za­beth A. Bell, Pi­ter Berg,
Mett­ýuw Jorj, Ba­sil Iwa­nik, Weýn Ro­jers
Ön­dü­ri­ji: “Acacia En­ter­ta­in­ment”, “Sy­ner­gics Films”,
“The Fyzz Facili­ty”, “Rivers­to­ne Pictu­res”, “Vol­ta­ge Pictu­res”
Paý­laý­jy: “The Weins­te­in Com­pa­ny”
Do­wam­ly­ly­gy: 111 mi­nut
Gör­nü­şi: uruş­ly, kraým, tril­ler
Ýur­dy: ABŞ
Di­li: iň­lis­çe
Býu­je­ti: 11 mil­li­on $

“Şe­mal­ly der­ýa” ki­no­sy­na Teý­lor Şe­ri­dan re­žiss­ýor­lyk edip, fil­miň sse­na­ri­si­ni-de onuň özi ýaz­dy. 111 mi­nut­lap do­wam ed­ýän uruş­ly tril­ler­de baş keşp­le­ri Gol­li­wu­dyň ta­nal­ýan ýyl­dyz­la­ry akt­ýor Je­re­mi Ren­ner bi­len akt­ri­sa Eli­za­bet Ol­sen jan­lan­dyr­ýar. ABŞ-nyň Lui­zia­na şta­tyn­da su­ra­ta al­nan ki­no­nyň il­kin­ji gör­ke­zi­li­şi ýan­war aýyn­da San­dens film fes­ti­wa­lyn­da bo­lup­dy.
Hu­kuk go­raý­jy iş­gär Jeýn Ban­ner öz­bo­luş­ly ýer­de bo­lup ge­çen syr­ly wa­ka­nyň üs­tü­ni aç­mak üçin gö­reş­ýär. Ol bu ugur­da ýer­li halk­dan hem-de Ko­ri Lam­bert­den kö­mek so­ra­ýar…

Ady: “The Glass Cast­le”
Re­žiss­ýo­ry: Des­tin Da­ni­el Kret­ton
Keşp­ler­de: Bri Lar­son, Wu­di Har­rel­son,
Maks Grin­fild, Sa­ra Snuk, Nao­mi Watts
Sse­na­ri­çi­le­ri: Des­tin Da­ni­el Kret­ton,
Andr­ýuw Le­nem (Je­an­net­te Wall­syň
“The Glass Cast­le” at­ly ýat­la­ma ese­ri esa­syn­da)
Prodý­user­le­ri: Gil Net­ter, Ken Kao
Ön­dü­ri­ji: “Gil Net­ter Pro­ductions”
Paý­laý­jy: “Lions­ga­te”
Do­wam­ly­ly­gy: 127 mi­nut
Gör­nü­şi: dra­ma
Ýur­dy: ABŞ
Di­li: iň­lis­çe

Ame­ri­ka­ly ze­nan ýa­zy­jy Je­an­net­te Wall­syň 2005-nji ýyl­da çap­dan çy­kan ýat­la­ma ro­ma­ny esa­syn­da­ döredilen bu fil­me Des­tin Da­ni­el Kret­ton re­žiss­ýor­lyk ed­ýär. 2 sa­gat­dan gow­rak wagt do­wam edýän ki­no­da esa­sy keşp­le­ri ta­ny­mal ar­tist­ler – os­kar­ly akt­ri­sa Bri Lar­son, şeý­le-de Wu­di Har­rel­son, Maks Grin­fild, Nao­mi Watts, Sa­ra Snuk da­gy jan­lan­dyr­ýar. ABŞ-nyň Wir­jin­ýa şta­tyn­da ek­ran­laş­dy­ry­lan ki­no­da ro­ma­nyň aw­to­ry­nyň ba­şyn­dan ge­çi­ren wa­ka­la­ry ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär.